BaýramBejidow
28.03.2023 02:03
Köp zat islemedim pany dünýeden,
Derdimiñ derdinden dumanly serim,
Uçmagy arzuwlan göwnümi güýmäp,
Maña symrug guşuñ ýelegni beriñ!.

Herne üzlen ýaly mähir damarym,
Gursagym gussaly, ýürek ýamaly,
Ykbalym süzenok ýagşy- ýamany,
Durmuşuñ süzgüçli elegni beriñ!.

Belki geçmişimde galsyn şo günler,
Eger gaýdyp gelse dörär düwünler,
Kanagatym synýar soñky döwürler,
Kalbyma sabyryñ çelegni beriñ!

Herkim bir-biregi duzlaşyp barýar,
Geljek ýalan bilen sazlaşyp barýar,
Uzakmy bu ýollar?, azaşyp barýan,
Ýapyşyp ýöräre kelebni beriñ!...

Awtory: Baýram Bejidow



13
115
Myhman Myhman
28 Mart 2023
Agam gowy
Bibi 💖077
28 Mart 2023
😓her sozuniz 100000 many gaty gowy ýazýañyz😪💖👍👍
Myhman Myhman
28 Mart 2023
Respect👏
numa
28 Mart 2023
Agam gaty manyly yazyanyz... galamyn ujy yiti bolsun udaci
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.