olia
27.03.2023 18:29

Hytaýly oglanjyk Rubigyň kubyny düzmekde dünýä rekordyny täzeledi.

Hytaýly Ihen Wan kubik rubigy tiz düzmekde dünýä rekordyny goýdy. Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde 12 martda geçirilen ýaryşda ýaş spidkuber 5 sany synanyşygynda 4.35, 3.9, 4.41, 5.31 we 6.16 sekunt wagtlary görkezdi. Onuň çykyşy kameralarda ýazgy edilen hem bolsa, eliniň hereketlerini görmek gaty kyn.

Bütindünýä kublar assosiasiýasynyň düzgünlerine görä, kuby düzmegiň ortaça tizligi hasaplananda 5 sany synanyşykdan iň tiz we iň haýal düzülen gezekleri hasaba alynman, beýleki 3 synanşygyň ortalanmasy hasaplanýar. Netijede, Ihenyň wagty 4.69 sekunt wagty görkezdi. Bu Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen täze dünýä rekordydyr. Kuby düzmekde ortaça tizligiň öňki dünýä rekordy 4.86 sekuntdy.

3×3×3 ölçegli kuby bir gezekde tiz düzmegiň rekordy hem hytaýly oglana degişlidigi bellärliklidir. 2018-nji ýylda Ýuşeng Du kubigy 3.47 sekuntda düzmegi başarypdy.
21
338
okyjy dz
10 May 2023
Meňem jigim düzýä,ýöne men has gowy düzerdim(diňe düýşümde)😂
Atascaryyev
28 Mart 2023
men duzyan 1min 30 sek
numa
28 Mart 2023
Men daýym duzyar suny... men goz onumde yerini calsyrsalar duzup bilyan casyrylany gormesem blmk😄😄😄👍👍
Myrataly
27 Mart 2023
Menem duzyan🤔( 1 tarapyny😂)
olia
27 Mart 2023
Imissyou,2×2liň düzüliş formulasy aňsat bolmaly. Ýöne iň populary 3lik
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
27 Mart 2023
Imissyou, agam meň gören görnüşlerim üç burç bäş burç ýene kän görnüşi
Myhman Myhman
27 Mart 2023
👍🏻👍🏻👍🏻
olia
27 Mart 2023
Imissyou,posty okaň: 3×3×3 ölçegli diýýä. Meň goýan suratymdada 3×3×3 ölçegli rubik dur öňünde. Siziň suratyňyzdada wideodada 2×2lik rubik düzüpdir)
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
27 Mart 2023
olia, hatjagazyň üstüne bassaň açanok menem göreşiň gelýär wideo syny
olia
27 Mart 2023
Imissyou,kubik rubigyň näçe görnüşi bar?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.