Hamza: Ýör seni öýüňe alyp gideýin... öýe tarap barýarkalar Hamza öý üçin hem bir zatlar alypdy. Ol çaga kakasynyň ýokdugyny ejesiniň hem hassadyny aýdypdy. Öýüniň öňüne geldiler.
Hamza çaga bilen sagbollaşdy.
Çaga: Seni ejem bilen tanyşdyrmak isleýärin.
Hamza: Men hem islärin ýöne öýe girmegim dogry bolmaz.
Çaga: Hiç zat bolmaz geliň gynandyrmaň meni.
Islemesede öýe girdi. Öýüň içi halys ýagdaýdady alan zatlaryny aşhanada goýdy. Aşhanada-da gury çöreklerden başga hiç zat ýokdy.
Soňra oturulýan otagda ýatan zenana gözi düşdi. Rak kesellidi öýdýän, sebäbi saçlary dökülüp kel galypdyr.
Çaga: Eje! Seret kimi getirdim saňa zenan ogluna tarap öwrüldi. Ony kastýum balakly görüp geň galdy. Meniň oglum owadan bolupdyr... diýdi.
Şol wagt içeri Hamza geldi. Garşysynda duran Şeýdanyň edil özüdi her ikisi hem doňup galypdy. Bu ýagdaý biraz şeýle dowam etdi. Sessizligi bozan kiçijek Hekim boldy:
Eje! Seret bu egnimdäkileri şu daýy aldy. Öýümizede bir giden iýer ýaly zatlar aldy. Indi aç ýatmarsyň.
Hamza: Kiçijegim ejeň bilen maňa biraz wagt berip bilersiňmi? Onuň bilen bir zat gürleşjek.
Hekim: Elbetde!
Sessizlik ýene biraz wagt dowam etdi. Şeýda gürrüňe başlady. Senden soňra biri bilen durmuş gurdum. Baý we geýimine üns bererdi. Başda gaty gowudyk, ýöne ruhy taýdan bozulmaga başlady we meniň oňa ikilik etjegimi pikir eder ýaly ýagdaýa geldi. Soňra meni bir otagda ýeke özümi tussag etdi. Meni tussag eden otagynyň penjiresi hem ýokdy çagamy hem görkezmeýärdi. Köp aýlap şol otagda boldum. Gysgaçasy maňa gul ýaly hereket etdi. Diýip başyny öňe egdi. Soňra düzelipdi ýöne men rak keseline duçar boldum.
Şeýdanyň erkin bolmaly diýen saçlary indi ýokdy. Hassa bolanym üçin başga biri bilen öýlendi. Ýene näçe ýyl mundan öňki diýen sözleri geldi aklyna.... Soňra-da meni we oglumy öýden kowdy. Oglum indi bir ýetim ýaly ulanýar we sen näçe ýyldan soň ýene bir ýetimi begendirýärsiň. Gaty ökünýärin saňa diýen her sözümiň jezasyny artygy bilen çekdim. Hamza hiç zat gürlemeýär Şeýda bolsa aglaýardy. Hiç zat gürlemän çykyp gitdi Hamza.
We ertesi gün gapy kakyldy gelen ýene Hamza'dy kiçijek Hekim ony öýe kabul etdi. Şeýda otyrdy Hamzany görensoň tolgundy. Elinde bir sowgat bardy bu sowgat näçe ýyl mundan öňki sowgadyň meňzeşidi ýogsaa... içindäkiler hem şolardymy?!
Sowgady aldy we howlugup açdy. Howa şol Kur'an şol hijab şol tesbi. Tesbi üzülüpdi ýöne Hamza ýeke ýeke düzüpdi we gülüň suwy bardy gapagyny açdy suwuň şolmy dälmi diýip barlamak isledi ysyny barlady heňizem gowy ysy bardy. Hamala Şeýdanyň içini okan ýaly şol wagtky gülüň suwy diýdi Hamza. Bozulman durupdy ýedi ýyllap. Bular seniňki Şeýda eger puşman bolsaň diniňe dört el bilen ýapyşmak üçin ine saňa pursat. Kur'an okap bilmeýäniňi bilýärin ýöne mealyny(terjimesi) oka okanyňdan soňrada kakaryňy ber. Ýedi ýyllap gizledim bulary, näme üçin gizleýänimi hem bilmän. Diýmek bu gün üçin eken we ýene bir guty çykardy Şeýda berdi.
Hamza: Ýedi ýyl mundan öň saňa teklip etjekdim sen hem yzyňa seretmän goýup gitdiň. On bäş gün wagt berýän gowja pikirlen men ýene gelerin diýdi-de gitdi.
Şeýda gutyny açdy nika ýüzügini görüp bu nähili bolar şonça bolan zatlardan soň men bilen durmuş gurmak isleýärmi...
On bäş günden soňra Hamza geldi. Şeýda bolsa öňkisinden janlanypdy aýaga galypdy. Hijab dakynypdy Şeýdanyň ýüzüne nur gelen ýaly boldy. Hamza Şeýdany gören wagty meniň halalym bolarsyňmy diýiberdi. Toý edipdiler Şeýda gowlanyp barýardy ikisi bem dogry ýoly tapypdylar mydama okap özlerini kämilleşdirýärdiler. Şeýda ölümden gorkmaýardy indi. Bir ýyldan soň soňra Haj parzlaryny ýerine ýetirmek üçin Uçara mündiler. Hekim hem ýanlaryndady ahyry mukaddes topraga aýak basdylar bir hepde bolupdy gelenlerine bir agşam wagtydy Hamza Şeýda diýip seslendi gel namaza gijä galýas... ses bermedi Şeýda ýatlýan otaga geldi Hamza.
Şeýda ýatyrdy Hamza eýýäm düşünipdi ol soňsuz ýola çykypdy. Şeýdanyň elinde hat bardy: Hamzam özümi gowy duýamok islegimdi mukaddes topraklarda jan bermek çyndanam Rebbim dilegimi kabul edýär. Wesýetim meni seniň alan gül suwuň bilen ýuwsunlar...
Soňy.
Türk dilinden terjime edilen.