BaýramBejidow
27.03.2023 08:59

Ýuka göwne meñzäp erejek bolsa,
Gyşda ýagan garlar doñmasyn onda!,
Ömrüm öñe sary ýörejek bolsa,
Senli ýatlamamy soñlasyn onda!.

Bolýar ahyr, boşluklardan ýadañda,
Ýüregiñe dowul gelýär çar ýandan,
Ýalanlara ýaran bolan nadanlar,
Dünýäñ ýalandygny oñlasyn onda!.


Geñ görme içimiñ içine sygsam,
Duýgylam gapy däl, ýa-da bir gabsa,
Eger alýan demim muzdsuz bolsa,
Gussalam bogazym bogmasyn onda!.

Erejek bolanda kalbymyñ gary,
Böldiler ahyry, göwnümiñ ýaryn,
Mañlaýda ýok bolsa, ýok bolsun bary,
,,Ertirde güneşem dogmasyn onda"...

Awtory: Baýram Bejidow
15
117
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
27 Mart 2023
Bibi 💖077, goşgylaryny goýmak isleýän welin bilesigeliji programma da tapamok
Bibi 💖077
27 Mart 2023
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98, gowdygnyyy 💖💖💖💖💖
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
27 Mart 2023
Bibi 💖077, howwa hemme goşgylary özüniňki
Bibi 💖077
27 Mart 2023
Özüñüz ýazýañyzmy..?💖
A.E.S
27 Mart 2023
👍🏻👍🏻👍🏻☑️...........
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.