jemal_seyitniyazowa
26.03.2023 23:10
Oraza baýramydy öýlän bolupdy Hamzadan ne habar ne hatyr bardy. Köp garaşyp bilmän Şeýda Hamza jaň aýlady.
-Baýramyň gutly bolsun Hamza..
-Seniňkem mübärek bolsun Şeýda.
-Näme üçin habar tutmadyň?
-Neme Şeýda men şu wagt ýetimhanada saňa jaň etmek üçin wagtym bolmady.
-Ýetimhanamy? Seniň näme işiň bar nireden gelendikleriniň belli bolmaýan hapysa çagalaryň ýanynda. Ejesi kakasy seretmändir innem sen seredýärsiňmi. Sen nähili dar pikirlere eýe... Garaz Şeýda şular ýaly jümleleri yzly-yzyna aýdýardy.

Hamza: Şeýda seniň üçin Alladan dilegim seni beyle sözleriň bilen saňa kynçylyk görkezmesin.!

Bir hepdeden soňra Şeýda parkda oturup Hamzanyň gelmegine garaşýardy köp wagt bäri ony görenokdy. Gaharlydy hemem ony görmek isleýärdi. Haýsy duýgy bilen Hamzany garşylajagyny bilenokdy. Hamza görüşmek isleýänini aýdypdy Şeýda hem ylgap gelipdi. Köp wagt geçmän Hamza geldi. Ýöne bambaşga adam bolup gelipdi. Şekil berýän saçlary ýokdy, ýönekeýje edip darapdy. Owadan sakaly hem ýokdy sünnet bolan sakaly göýberipdi we ol geýýän darajyk balaklary, özünüň halaýan sungatçylarynyň, suratlary bolan,egin eşigi bilen sagbollaşypdy. Olaryň ýerine giň bir balak we ýakasyz köýnek geýipdi. Hamala Hamza däl-de başga biri gelen ýalydy. Özem  Şeýdanyň salamlaşmak üçin uzadan elini tutmady.
Hamza: Şeyda bilýärin mendäki bu üytgeşiklige öwrenşmegiň üçin wagt gerek. Saňa isleýşiň ýaly wagt bererin, yöne men bu işiň uzaga gitmegini islämok!.. diýdi we elindäki sowgadyny Şeýda uzatdy.

- Bu näme?
-Açyp gör nämedigini bile göreli.

Şeýda uly begenç bilen sowgady açdy. Yöne biderek yere begenipdi ol gymmat bahaly sowgada garaşyarka, başga zat bolup çykypdy. Onuň içinde Kur'an, ýaglyk(hijab), tesbi we gülüň suwy bardy. Gülüň suwuny bir dostum Medineden getirdi.... Heňiz sözüni doly aýdyp bolmanka, Şeýda gül suwunyň gapagyny açyp, dökmäge başlady.
Hamza: Näme edýärsiň... diýip elindäkileri aldy. Şeýdanyň gahary ýatyşmady, tesbini alyp bölekledi monjuklary töwerege seçildi.
Şeýda: Sen özüňe ýanýoldaş däl gul gözleýärsiň. Şu beren kitabyňda şeýle ýazylgy eken, menden başga ýene üç sany aýal almagyňy aýdýan eken. Men aklymdan azaşan däl. Muňa seret birem ýaglyk alypdyr. Ol ýaglygyňy(hijab) gullar dakynýar. Men erkin ýaşaýan adam, saçlarymam erkin bolmaly... diýdi-de gahar gazap bilen turup gitdi...

Hamza haýsyna ýanmalydy halanmaýan Kur'anamy, böleklenen tesbihemi, dökülen gül suwunamy. Nähili terbiýe bilen ulanyp Kur'an'y ýalňyş tanapdyr.
Şeýda, ol günden soňra Hamzadan hiç habar tutmady. Telefonyny täzeledi köp wagt geçirmän adresinem üýtgetdi. İndi bir-birlerini çyndan gowy göryän iki söýgüli aýrylşypdylar.
Ýedi ýyl soňra Hamza ýetimhanadan çykyp bir parkda otyrdy. Öýlenmändi, çagalary gowy göryänligi üçin oturup olara tomaşa etmegi halaýardy. Birden gözi bir çagajyga ilişdi. Üsti-başy halys ýagdaýda bir gyrada sessiz-sessiz aglaýardy. Derrew ýanyna bardy. Näme boldy, näme üçin oýnamaýarsyň. Çaga, burnuny çeke-çeke gürlemäge başlady.

-Bu gün baýram, herkimiň täze egin-eşigi bar. Meniňki ýok, herkim kakasy bilen gezýär, ejesi bilen şatlanýar. Meniň ejem, gaty hassa öýde ýatyr.

-Kakaň ýok bolsa, men bar.. diýiberdi Birden.

Ol adamyň nämediýenine çaga eýýäm düşündi. Hamzanyň gözüne seretdi we Hamza oňa elini uzatdy.
Gel seniň bilen bir ýerlere gideli, gorkma menden zyýan gelmez saňa. Elinden tutup egin-eşik satylýan ýere geldiler. Ol çaga üçin täzeje egin-eşik aldy. Begenjinden ýerinde durup bilmeýän çagajyga seretdi we pikire batdy. Belki-de Şeýda bilen toý eden bolsa özüniňem bu ýaşda çagasy bolardy. Şeyle bir oýa batdy welin ýaňagyna gonan bir öpüjük bilen özüne geldi.
Minnetdar size!
Hamzanyň hem-de ol çaganyň gözlerindäki şatlygy görmäge degerdi.

Dowamy bar.

Türk dilinden terjime edilen.
26
451
Myhman Myhman
27 Mart 2023
Salamlar
jemal_seyitniyazowa
27 Mart 2023
guldesse, Salam siz imoda admine ýüz tutup göräýiň bolmasa
jemal_seyitniyazowa
27 Mart 2023
sohxxx, salam dowamyny goyupdym profilime girip görüň minnetdar okanyňyzada
sohxxx
27 Mart 2023
Dowamyny goyda onam okaly
sohxxx
27 Mart 2023
Gaty gowy
Myhman Myhman
27 Mart 2023
Ol çagajygyñ ejesi meniñ pikrimçe Şeyda
Myhman Myhman
27 Mart 2023
Dowamyna garasyas
A.E.S
27 Mart 2023
Dowamyna garaşyan😊👍🏻👍🏻☑️
Güljagaz♡♡♡
27 Mart 2023
Dowamyna garaşýan......
Sheýda
27 Mart 2023
...🔥...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.