Goýuny nädip dogry sanamaly?
Rus dili öwrenmek üçin kyn hasaplanylýar, onda-da diňe bir daşary ýurtly öwrenijiler tarapyndan däl-de eýsem, rus dilini ene dili hasaplaýanlaryň hem aglaba bölegi şeýle pikirde. Dogrudanam, rus diliniň düşümleri, goşulmalary we beýleki inçelikleri kyn bolup biler. Ýöne hemme zat deňeşdirenimizde ýüze çykýar. Şeýlelikde, tanyş boluň: arçin dili(арчинский язык). Bu dilde Dagystanyň daglyk obasy (deňiz derejesinden 2000m beýiklikde) bolan Arçiniň (ýa-da Arçib) we onuň töweregindäki ýerlerde ýaşaýan köp bolmadyk ilat (950-ä golaý adam) gürleýar.
Arçin dili lezgin dilleriniň hataryna girýär we alymlaryň pikirine görä, rus dili aýratyn dil hökmünde VII-VIII asyrlarda ýüze çykan bolsa, arçin dili özbaşdak dil hökmünde b.e. öňki VI asyrda ýüze çykypdyr. Emma arçin dili hemme nokatlar boýunça kyn. Birinjiden fonetika: arçin dilinde 80-e golaý fonema bar, olardan 70 sanysy çekimsiz (edebi rus dilinde 5sany çekimli we 37 çekimsiz fonema bar). Indi bu fonemalary ýazuwda nähili görkezmeli? 2006-njy ýyla MGU-nyň(Moskwa döwlet uniwersiteti) lingwistleri arçin dili üçin krillisanyň esasynda düzülen elipbiýi döredýänçäler bu dilde gürleýänler ýazuwyny alada etmändiler, geregem bolmandyr.
Ikinjiden, morfologiýa. Arçin dilinde jyns kategoriýalary ýok, ýöne atlary many taýdan bölýän synplar bar: olar 8 sany, ýarysy kömekçi. Olaryň hemmesi düşümlerde üýtgeýär. Düşümler bolsa 38 sany (köp bölegi jisimiň herekedini we duran ýerini aňlatmak üçin ulanylýar).
Işlikler bilen ýagdaý has gyzykly. Herekediň dowamlylygyny, gutarnyklylygyny we wagt yzygiderliliginde haýsy ýerdedigini aňlatmak üçin bar bolan 17 sany görnüşden (zaman) başga-da, arçin dilinde 10 sany işlik şekilleri (наклонение) (beýannama, takyklamak, sorag, buýruk we ş.m.)bar. Hatda, eşidilen maglumatlara geň galmagyňy beýan edýän ýörite şekil hem bar. Işlikden ýasalan atlary, hal işlikleri, ortak işlikleri hem ýatdan çykarmalyň. Garaz, alymlar arçin dilinde bir sany işligiň kökünden 1.5 mlndan gowrak görnüşli işlik sözüni döredip boljakdygyny hasapladylar. Rus dilinde bu görkeziji ýüzlerçe sözden köp däl.
Arçin diliniň ýanynda fransuz ýa nemes dillerine aňsat diýmek üçin bularam ýeterlikli däl bolsa, bu dilde sanlaryň ulanylyşynyň 4 formasyndan başga-da, ýörite goýunlary sanamak üçin niýetlenen sanalyş usulynyň bardygyny aýdalyň. Mundan başga, aýallary we erkekleri çagyrmak üçin dürli-dürli ümlükler ulanylýar, haýwanlary bolsa, görnüşine görä, hersini başga-başga sözler bilen çagyrylýar.
Ýewropa dilletiniň köpüsinde digraflar ulanylýar - bir fonemany aňladýan iki harpdan durýan ýazuw belgileri, meselem, iňlis dilinde qu, çeh dilinde cz. Az sanly dillerde trigraflar ýagny, üç harpdan durýan belgiler ulanylýar, meselem nemes dilinde sch. Arçin diliniň fonetik baýlyklaryny ýazuwda görkezmek üçin alymlar pentagraflary- bäş harpdan durýan belgileri döretmeli boldular!