"Meniň durmuşym - hiç kimi gyzyklandyrmajak ýönekeý bir zat" diýip, otnositellik toeriýasiny döreden alym, XX asyryň iň tanymal şahsyýetleriň biri bolan Albert Eýnşteýn ýazypdyr. Dogrusy, onuň bu diýenleri biraz nädogry - beýik alymyň biografiýasy barada birgiden ýalanlar we toslamalar bar. "Wokrug sweta" žurnaly olaryň dogry ýa nädogrydygy subut etmäge çalyşýar..
EÝNŞTEÝN MEKDEPDE ERBET BAHALAR BILEN OKAPDYR
ÝALAN
A.Eýnşteýne 1896-njy ýylda Arauda berlen attestat
Mifyň döremeginiň esasy sebäbi ýaş Eýnşteýniň Arauda (Şweýsariýa) okan kantonal mekdebinde okuwynyň soňky synpynda alan bahalary barada saklanyp galan resminamalar bilen baglanyşykly. 6 ballyk sistemada okuw ýylynyň birinji semestrynda alan bahalary ikinji semestrynda alan bahalary bilen gapma-garşylykly. Edil okuwçy ilki ikilikçi bolup soňra gowy okap başlan ýaly.
Hakykatda bolsa şol ýyl mekdepde bahalandyrmak sistemasy düýpgöter üýtgedildi, ýagny ikinji semestrdan başlap iň ýokary baha 1-lik däl-de 6-lyk boldy. Albert iki ýagdaýda-da fizikadan, algebradan, geometriýadan we taryhdan iň ýokary netijeleri görkezdi.
MEŞHUR FIZIK ÝADRO ÝARAGYNY DÖRETMÄGE GATNAŞYPDYR
ÝALAN
1945-nji ýylyň 9-njy awgustynda Nagasakini weýran eden “Fat Man” atom bombasynyň nusgasy
Eýnşteýn: "Meniň ýadro ýaragynyň döremegine ýeke-täk dahylly ýerim ýekeje eden herekedimden ybaratdyr. Men Prezident Ruzwelte ýadro ýaragyny döretmäge gönükdirilen uly göwrümli synaglary geçirmegiň zerurdygyny nygtap ýazylan hata gol çekdim" diýýär.
Gürrüň alymyň 3 sany kärdeşleri bilen bilelikde Gitler elhenç ýaragy ilkinji bolup edinmeginden gorkup, 1939-njy ýylda amerikan Prezidentine ugradan haty barada. Soň-soňlar pasifist Eýnşteýn bu ýazan hatyna puşman edipdir. Alym ýadro ýaragynyň döredilmegine amaly taýdan hiç hili gatnaşdyrylmady: FBI-yň direktory Edgar Guwer alymy ygtybarly hasaplamandy.
OL BIRINJI AÝALYNYŇ AÇYŞLARYNY ÖZÜNIŇKI ETDI
ÝALAN
Eýnşteýn Milewa Mariç bilen. 1912ý.
Otnositellik toeriýasyny döreden ýyllarynda alym serbiýaly Milewa Mariça öýlenendi. Olar Politehnikumda bir toparda okapdyrlar we şol ýerde tanyşypdyrlar. Rowaýatlara görä, alymyň käbir ylmy makalalaryny onuň aýaly ýazypdyr, hatda otnositellik toeriýasyny Albert däl-de, onuň aýaly döredipdir diýýänlerde bar.
Spekulýasiýalaryň döremeginiň esasy sebäbi 1955-nji ýylda "Fizika ylmynyň üstünlikleri" žurnalynda çap edilen sowet fizigi Abram Ioffenyň makalasynda 1905-nji ýylda çykarylan meşhur "Fizikanyň ýyl ýazgylary" makalasynyň awtory Eýnşteýn-Mariti familiýasy bilen görkezilendigi aýdylmagydyr.
Milewanyň ýanýoldaşynyň teoriýasyna goşant goşandygyny subut edýän hiç hili subutnama ýok. Onuň özi Politehnikumda gutardyş synaglary tabşyryp bilmändi, ýekeje ylmy makala-da ýazmady we Albert bilen aýrylyşandan soňra özüni ylymda hiç hili görkezmedi. Eýnşteýnyň hatlar ýygyndysynyň redaktory, fizik Jon Steçelyň aýtmagyna görä, "Milewanyň zehinli matematik bolandygy barada maglumat ýok, emma onuň zehinli matematik bolmandygy barada birnäçe subutnamalar bar".
EÝNŞTEÝN NOBEL BAÝRAGYNY OTNOSITELLIK TEORIÝASY ÜÇIN ALDY
ÝALAN
Fotoelement - optiki şöhlenenmäniň energiýasyny toga öwürýän gural
Hakyky aýdylyşyna görä: "Nazary fizika goşan goşantlary we esasanam fotoelektrik effektiniň kanunyny açandygy üçin". Eýnşteýniň kärdeşi we biografy Abraham Pace muny 1921-nji ýylda fizika baýragyny berýän Şwesiýa Korollygynyň Ylymlar akademiýasynyň agzalarynyň arasynda otnositellik teoriýasyna başarnykly baha bermäge ukyply hünärmeniň ýokdugy bilen düşündirdi. Eýnşteýn pul baýragyny iki çagasy bilen galdyran öňki aýaly Milewa berdi.
ALYM JORAP GEÝMÄNDIR
DOGRY
Albert Eýnşteýn 1934-nji ýylda
"Hatda iň dabaraly ýagdaýlarda-da men öýden jorapsyz çykýaryn we edepsizligiň bu nusgasyny uzyn gonçly aýakgaplar bilen gizleýärin" diýip, aýaly Elza ýazan hatynda belläp geçipdir. Özüniň boýun alyşy ýaly, entäk ýaş wagtlarynda uly barmaklarynyň jorabyny tiz deşýändigi gaharyny getirer eken we şondan soňra jorap geýmezligi makul görüpdir.
EÝNŞTEÝNA BIR ÝURDUŇ PREZIDENTI BOLMAK TEKLIP EDILDI, EMMA OL BOÝUN GAÇYRDY
DOGRY
Dört ýyl ozal döredilen Ysraýyl döwletiniň ilkinji prezidenti 1952-nji ýylda aradan çykanda, premýer-ministr Deýwid Ben-Gurion Eýnşteýne hormatly wezipäni teklip etdi. Alym Ysraýylyň Waşingtondaky ilçisine jaň edip jogap berdi. Fizik: "Ysraýyl döwletimiziň teklibi maňa diýseň uly täsir etdi we derrew kabul edip bilmeýändigime gynandym we utandym. Ömrümiň dowamynda obýektiw zatlar bilen iş salyşdym, şonuň üçin adamlar bilen iş salyşmak we resmi wezipeleri ýerine ýetirmek ukybym we tejribäm ýok ... "