sahyrlar_we_men
25.03.2023 21:58
Alçak bahar Garaguma
Ýazylanda haly bolup.
Aladaňdan gözüm açdym,
Erkek adam ýaly bolup.

Dogduň-dogduň. Ile äşgär.
Biri synlar, biri buşlar.
Ýaşamakda welin iş bar,
Erkek adam ýaly bolup.

Kim özüni diýse dana,
Gaçdym ondan başga ýana.
Tagzym etdim duza-nana,
Erkek adam ýaly bolup.

Yssyladym, gaýlap çykdym,
Ýaşlykdyr-da — aýnap çykdym.
Orta welin gaýnap çykdym
Erkek adam ýaly bolup.

Baýdak däl her galgan mata.
Ýüzüm tutdum herne ýagta.
Boýun aldym etsem hata,
Erkek adam ýaly bolup.

Gyzlar bilen göz çeneşdim,
Gujak gerdim. Gujak açdym.
Birisine ýesir düşdüm,
Erkek adam ýaly bolup.

Her telpeklä diýmersiň är.
Munuňam öz kanuny bar.
Kim gepleýär, kim ýaşaýar —
Erkek adam ýaly bolup.

Berdinazar Hudaynazarow
11
76
sahyrlar_we_men
25 Mart 2023
Gosgyñ ady "Erkek adam"
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.