bashlyk
25.03.2023 16:25
Basketbol äleminde özüniň meşhurlygy bilen dünýä tanadan Amerikanyň ýaşaýjysy ýaş Chris Jackson garyplykda özüne wada berip ýeten derejesinde bu gün hakykatda hemmeleri her oýunda görlüp eşidilmedik utuklary bilen Amerikan halkynyň diýen ýaly üns merkezinde, eýsem bu derejemi ýa bagtlymy.
Chris karýerasynyň dowamynda kitap okamagyy hem gaýra goýmaýar, oňa diňe oýunda bolmak,türgenleşik geçmek we dynç wagty kitap bilen wagtyny hoş geçirmegi isläpdir,şeýle ýagdaýlaryň birinde Chris yslam dinini kabul etmegi ýüregine düwýär we indi ol musulman.
Chris özüni öňkidenem has gowy duýýandygyny özüni tämiz ýeňil sagdyn ruhy taýdan ynamlylygyny interwýularda aýdýar.
Ol özüni alyp barşyndada üýtgeşmeler girizýär hatda adyny üýtgedýär,
biziň halaýan oýunçymyz Chris Jackson indi Mahmud Abdul-Rauf.
Munuň janköýerleri hatda onuň garşydaşlarynda sany az bolmandyr onsoňam dünýäbelli tanymallaram Mahmudyň muşdagy, şeýlelikde birgün oýun başlamazdan öň Amerikanyň Döwlet senasy ýaňlanýan pursatynda ýekeje Mahmudyň oturanyny operator görýär we muňa şol wagt aýratyn üns berilmeýär, oýun gutarýar Mahmyt ýene öz utuklary bilen toparyna ynamly ýeňişlerleri getirýär,indiki oýun aralygynda eýýäm gazet žurnal teleradio teleýaýlym hemmeleriň dili gulagy Mahmudyň Döwlet senasy wagtynda oturan pursadydy, hatda ikinji oýuna çenli eýýäm mesele çözülen.
Mahmudyň hormatsyzlygy sebäpli ony diňebir oýundan däl durmuşdan kowulan ýaly duýgular bilen kynçylykda ýaşady,gözöňünde getiriň dünýäbelli ýaş meşhur oýunçy özüni şeýle alyp barany üçin karýerasyna nokat goýmak dogrumy ýa biadalatlykmy,bu barada žurnalistler,hökümet,organ,halk we hemmeler edil saýlawda ýalydy.
Muňa Mahmud Abdul-Rauf şeýle diýdi:
Men Amerikanyň raýaty,men siziň gelen çözgüdiňize gynanamok maňa muny şeýle aýtmak aňsat däl, ýöne men hormatsyzlyk etmedim goý Alla menden razy bolsun men öz bilenim alla üçin ýaşajak" diýen manyda hemmesine düşündirdi.
Köp söhbetdeşlik boldy herkim bilen herhili pikirler bilen dolup gidiberdi.
3
127
Myhman Myhman
28 Mart 2023
Alla birdir we yeketaktir
işan
28 Mart 2023
örän dogry edipdir
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.