mgm
25.03.2023 15:17
DÄLIHANALARDA KIMLER ÝATMALY?..

"Ruhy keselleri bejeriş hassahanasynyñ howlusynda çilim çekip otyrdym.
Bilesigelijiligimdenmi nämemi, ol ýere nädip baranymy özümem bilemok.
Daş-töweregime garanjaklap durkam, ýaşy dört onlugy doldurañkyrlan bir adama gözüm kaklyşdy.
Ýüzümi başga tarapa öwrenem bolsam, ol meni synlamaga dowam etdi.
Daşky sypatyna seretseñ-ä, myhmana meñzeýärdi.
Ilki gürleşmäge çekindim, soñra ýüregimi bire baglap, çekinjeñlik bilen ýanyna golaýlaşdym.
Ol şobada “Maña-da çilim bersene!” diýdi.
Az-kem düşündimem, ýöne şonda-da saklanyp bilmän, çilim äberip durkam "Bärde näm işläp ýörsüñiz?" diýip soradym.
Ol çilimi mäkäm demine dartdy-da, gaýtadan ýüzüme dikanlady.
Şeýle bir siñe seredýärdi welin, gözlerini-de gyrpanokdy. Onuñ ýiti nazaryndan çekinmedim diýsem ýalançy bolaryn.
Sözi uzatman, "Sag bol" diýip arany açjak boldum.
Belki-de, ýalñyş sowal berendirin, belkäm, gynandyrandyryn ýa-da näbileýin, "däli ahwetin bu!.." diýip içimden pikir geçendir...
Birdenem "A sen nämüçin bärde däl?" diýip gygyrmaga başlady.
Şeýle bir gaty ses bilen gygyrýardy welin, yzyma seretmäge gorkdum.
Ol köşeşjege meñzänokdy.
Ylla jyn uran ýalydy...
Belkäm kömegim deger diýen pikir bilen, duran ýerimden butnaman, yzyma, oña seretdim.
Bu gezek ol sesini hasam gataldyp, ýañky sözüni gaýtalady:
"- A sen nämüçin bärde däl? Şonça kezzabyñ, şonça wyždansyzyñ, şonça hyýanatyñ arasynda nädip gezibilýäñ? - Ol üns bilen diñleýänimi görüp, sözüne dowam etdi: - Daşarda çagalaryñ urulýan, gülleriñ goparylýan, agaçlaryñ ýakylýan, söýgüleriñ ýandyrylýan, umytlaryñ petige diredilýän reñksiz we ýasama dünýäsi bar.
Öwrenişmäge ýetişip bolmaýan, goh-galmagalyndan ýaña uklap bolmaýan, hapa, öçli, birehim dünýä bar.
Şahsy bähbidi üçin seni çakgy bilen iñ soñky kysymly awtoulagyñ ýüzüni çyzyp giden ýaly çyzyp biljek müñlerçe adam, ganyñy sormak üçin amatly pursatyny peýleýän san-sajaksyz wampir.
Seni ulanyp bolansoñ, kirlän elýaglyk ýaly bir gyra zyñyp goýbermek üçin müñ dürli hasaplary öwrüp-çöwürýän bir süri zalym...
A sen nämüçin bärde däl?
Ol dowzahyñ içinde nädip aklyñdan azaşman bilýäñ?..”
Depe saçym syh-syh bolup, duran ýerimde doñup galypdyryn.
Şol gün şu pikir kellämden çykmady:
"Dälihanalarda däliler ýatmalymy ýa-da olary däliredenler?.."
* * *
Sosial mediýada gözüme ilen bu hekaýatyñ aýgytlaýjy jemleme sowalyna jogap bermegi siziñ öz ygtyýaryñyza goýýaryn...

Ugur DÜNDAR

"SÖZCÜ" gazeti, 24.07.2022 ý.

Ceshme: Kitapcy.ru
22
308
mgm
29 Mart 2023
Myhman Myhman,Hawa dogry aýtýaňyz👍🏻👏🏻
Myhman Myhman
28 Mart 2023
Howwa gaty dogry size hak beryan menem sol gune dururdiler emma sondada yykylmadym allam dadyma yetisdi ,dine alla sygynyp yasamaly eken
Myhman Myhman
28 Mart 2023
Dogry aydyanyz .
Myhman Myhman
25 Mart 2023
Rehimsiz Dunya dal rehimsiz adamlar Dali etyar ynsany
Myhman Myhman
25 Mart 2023
Hemmani hem daliretyan bir sebap bardyr hich kimem doglanda Dali bolup dogulmaya
Myhman Myhman
25 Mart 2023
Salam surot ndp goyup bolyaka aydayynda su wagyt taze girdim welin
Myhman Myhman
25 Mart 2023
Salam surot ndp goyup bolyaka aydayynda su wagyt taze girdim welin
mgm
25 Mart 2023
Kenda??????
mgm
25 Mart 2023
lalahan,pinokiya,hawa dogry aytyanyz
pinokiya
25 Mart 2023
Gowy sowal dali hem oz ozynden daldiremeya hokmany bir sebap bardyr.Isle adam isle soygi isle basga sebap
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.