gulka
25.03.2023 00:14
Üç topbak akyl

Eneň ataň bir zat haýyş edäýse
Mydam bolýar sözüň dilinde bolsun
Boş sözlere birden gahar edäýseň
Hemişe öz erkin eliňde bolsun

Durmuş diýmek pyçakdan bir merdiwan
Ondan çykman bolmaz eliň gyýdyrman
Birden baýlyk gelse saňa duýdurman
Dişlän gaty nanlaň ýadynda bolsun

Birine dost bolsaň ýada söýgüli
Hijem arkasyndan diýme aýbyny
Süýt tapsaň begen gözleme gaýmagy
Şükür sözüň her bir demiňde bolsun


10
106
Myhman Myhman
26 Mart 2023
sag bol gaty manly goşgy eken👍
Myhman Myhman
25 Mart 2023
Gowy ekeni
gulka
25 Mart 2023
🙂ýok elbetde awtor men däl. Awtoryň kimdigini bilemok
Güljagaz♡♡♡
25 Mart 2023
Gowy goşgy eken👍👍👍🙋‍♀️
atakulyyewa_humay
25 Mart 2023
Şular ýaly goşgy okamda derrew kimiň ýazanyny biljek bolup gyssanýanda:) şonuň üçin awtory kim?! Post 👍
gulka
25 Mart 2023
Не за что
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.