Geçmişde öldürilen atanyň paradoksy
Wagt ulagyna münüp, geçmişe gidip öz ata-babalaryndan birini öldürmek pikiri ilkinji gezek fantazist ýazyjy Rene Baržaweliň kellesine gelipdir. Ol bu ýagdaýy "Seresapsyz syýahatçy" eserinde suratlandyrypdyr.
Eger-de kimdir birine onlarça ýyl yza, ýagny, geçmişe gidip, özüniň atasyny entek enesi bilen duşuşmanka öldürmek başartsa näme bolar? Eger-de siz barypýatan gumanist bolsaňyz, onda öldürmegi göz öňünde tutmalyň. Meselem, başga usullar bilen atasynyň we enesiniň duşuşmagynyň öňüni alsa, diýeli daş ýerlere gitmegine sebäp bolsa.. Emma bu ýagdaýlarda-da paradoks ýitmez.
Diri galan ýagdaýynda "potensial" ata başga aýaly halap biler - bu ýagdaýda belki-de wagta syýahatçynyň başga ejesi ýa kakasy, başga-da daş keşbi bolar. Ýöne eger-de "potensial" ata özüniň ömrüni ýekelikde geçirse onda wagta syýahatçynyň ejesi ýa kakasy dogulmaz, netijede onuň özi-de dogulmaz. Ýöne bu ýagdaýda geçmişe gidip, "atasynyň" "enesi" bilen tanyşlygynyň öňüni alyp biljek adamam bolmaz.
Hut şu ýagdaý hem wagtda syýahat etmegiň mümkin däldigine subutnama hökmünde ulanylýar. Emma jedelçileriň käbiri hakykadyň birnäçe alternatiw wersiýalarynyň bardygy baradaky pikiri öňe sürýärler. Ol hakykatlaryň hersi her dürli: birinde wagta syýahatçy dünýä inmeýär, "atasy" bolsa onlarça hakykatlaryň hersine her dürli ýogalýar we hersine başga-başga aýallara öýlenen bolýar.