BaýramBejidow
23.03.2023 22:14
Aglamaýynmy, bulansa içim,
Kine, gussa bilen bürense içim,
Her ýanym hüjüm, günämi geçiñ.
Seniñ göreldäñi ulanýan eje,
Hawa, menem kem-kem ulalýan eje,
Ulag däl eje, köñül sürere,
Umydyñ tanapy geldi üzere,
Hawa düzeler, olam nesibe,
Ykbal ýüz berenok hasap-hesibe,
Kisämde gözler, hoşamaý sözler,
Öçenok közler, ýalançy ýüzler,
Ýadatýar hawa, ýadaýan eje,
Durmuşym dowam, geljegim sowal,
Gyşyñ aýazynda bilemok sowap,
Edenim ters, etmesem sogap,
Içdäki soragma tapamok jogap,
Ýadaýan eje, hawa ýadatýar,
Aglatýar käte, içden gelenler,
Daşdan gelenleri sygdyryp bilmän,
Şol öñki telbäñ, geñem däldir-le,
Dogryny dogrynyñ ýüzüne ýelmän,
Kine-de çüýräp, gussa-da heñlän,
Garaz emelläp, ugryny añtap,
Käteler sabyryñ çaýyny demläp,
Bolşuna görä, durşuna görä,
Görýäñ-ä pagtaly çalynýar damak,
Elimde gamak, dilimde ýamak,
Ýadatýar eje, hawa ýadaýan,
Ýykylýan käte, bulaşsa seçek,
Menem düzelerin ulalsam eje,
Ulanjak eje, beren öwdüñi,
Ýa juda kynmy-dy ulalmak eje?...

Awtory: Baýram Bejidow
12
156
Myhman Myhman
24 Mart 2023
Dasda
Güljagaz♡♡♡
23 Mart 2023
Şahyr bolsañyz öwrenmeliniñ agzalaryna degişli hem goşgujyk düzäýiñ haýyşt...🙄🙄😊
Ovezova_
23 Mart 2023
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Güljagaz♡♡♡
23 Mart 2023
👏👏👏👍👍👍🙋‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.