BaýramBejidow
23.03.2023 01:12
Şükür! Nebsim idip eñjek bolamok,
Herne hak ýoluna uýjagym bolsun!,
Hemişe ýaz ýaly bolup bolanok,
Kinäni gülkimden duýjagym bolsun!.

Emelsiz pikirlem ýüregmi gyssap,
Amalsyz arzuwlam umydym bassa,
Mümkin däl ýalñyşman ýaşamak asla,
Gursagma hak sözi guýjagym bolsun!.

Gowuşsyn ruhyma ruhdaş delil,
Bagtyñ perlerine uzanda elim,
Enäniñ ornuny tutjak ýok welin,
Güneş deý mährine çoýjagym bolsun!.

Bu durmuşda biraz gözüm eglendi
Aran göwün söýgi bilen terlendi,
Nesip edip ak bäbebigi, perzendi,
Ömrüme nuryny çaýjagym bolsun!.

Ykbalym derýa däl, bilmerin ýüzüp,
Täleýim elek däl, bilmerin süzüp,
Şonda-da uç tapyp, janyma dözüp,
Ölünçäm ýadaman söýjegim bolsun!...

Awtory: Baýram Bejidow
19
177
numa
28 Mart 2023
👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍💖
Myhman Myhman
23 Mart 2023
👍👍🏿👍🏼👍👍🏿👍🏼
abat
23 Mart 2023
Kinäni gülkimden duýjagym bolsun👍👏 (şeýle adamlaryň orny başgaça bolar,emma hemişe tapdyrmaz )
Bibi 💖077
23 Mart 2023
💖💖😔💖💖
zolushka
23 Mart 2023
Bolsun Inşallah!
Madmazella
23 Mart 2023
RuníA,dogry aýdýaň🙂
RuníA
23 Mart 2023
✧soygiň ylhamy :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.