BaýramBejidow
22.03.2023 21:46
Umydy umyda gabap,
Ynamy ynama sapyp,
Göwnümi göwnüne ýanap,
Maña bir ýürekdeş tapyñ!.

Irmesin ol gussalamdan,
Gursagyma şatlyk guýsun,
Ýoklugymy ölme deñäp,
Barlygymy bagt saýsyn.

Sübselesin gursagymy,
Syrsyn, süpürsin kinämi,
Edep bersin duýgylarma,
Öwrener ýaly söýmäni.

Ýalandygny bilýän ahyr,
Ýamanlygy çenemesin,
Arzuwmy maña meñzedip,
Hyýalyma deñemesin...

Ýetim galan ruhymy,
Gurşasyn hossarym bolup,
Ejiz däl, ejizlän göwnümi,
Seýiklesin ýarym bolup.

Maña bir ýürekdeş tapyñ!,
Bolmasa durmuş bimany,
Göwnümi göwnüne ýanap,
Öwretsin maña söýmäni...

Awtory: Baýram Bejidow
14
98
Myhman Myhman
23 Mart 2023
👍👍🏿👍🏼👍🏿👍👍🏿👍🏼💐💐💐💐💐💐
Myhman Myhman
23 Mart 2023
Oñat goşgy! Yone bu mubarek ayyñ baslanyan gununde sizden mukades Oraza ayyny yanzydyan esere garasardym...( elbetde bu sizin sahsy isleginiz. Belkide bu ayda gosgudaky dilegleriniz kabul bolar!)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.