Kraş sindromy ýa-da Aşgabat sindromy
Rabdomiýoliz myşsa dokumalaryna zeper ýetmegi sebäpli skelet myşsa dokumalarynyň duýdansyz anatomiki gurluşynyň bozulmagydyr . Muskulyň zeperlenmegi fiziki, himiki ýa-da biologiki faktorlar sebäpli döräp biler. Myşsalara zeper ýetmegi, zeper ýeten myşsa öýjükleriniň önümleriniň gan bilen garyşmagyna sebäp bolýar . Miýoglobin ( belok ) ýaly bularyň käbiri ýiti böwrek ýetmezçiligine sebäp bolup biler .
Rabdomiýoliz awtoulag hadysalary, uruş meýdançalaryndaky galagoplylyk we ýer titremesi ýaly betbagtçylyklary başdan geçiren adamlarda bolup biler.
Köp halatlarda rabdomiýoliz myşsalaryň şikeslenmeginden ýa-da daşarky sebäplerden ( derman serişdeleri ýa-da zäherlenme sebäpli ) ýüze çykýar . Munuň sebäbi hemişe göze ilmeýär. Eger organizmde çiş birden ýüze çyksa, gandaky suwuklygyň azalmagy sebäpli pes gan basyşy we şok ýagdaýy bolup biler.
Böwreklerde ýüze çykýan täsir doly düşünilmeýär, ýöne miýoglobin (myşsa belogy) nefrotoksiki metabolitleriň biri bolup biler .
Iň weýran ediji ulgam täsirleri, hassa dogry halas edilmezden, birden reperfýuziýa sindromyna sebäp bolanda , basyşy ( basyp duran jisimi) birden galdyrylanda dôräp biler. Ezmek mehanizmine gönüden-göni täsir eden(meselem el ýa-da aýak) dokumadan başga organlarda hem duýdansyz reoksigenasiýa ( kislorot üpjünçiliginiň dikeldilmegi) bolýar. Dogry taýýarlyk görülse, ýagny basylyp duran eli ýa-da aýagyň üstündäki agyr jisimi zeperlenen ýa mynjyran ýeriň ýokarsyndan daňy bilen berk daňyp soňra jisim galdyrylsa onda bu böwrek zeperlenmesiniň ôňüni alyp, näsagy hakykatdan hem ölümden alyp galyp bolar. Eger-de jisim taýýarlyksyz gôni galdyrylsa, näsag az wagtlyk halas bolan ýaly rahatlap biler, ýöne gysga wagtyň içinde öler. Bu duýdansyz şowsuzlyga "ýylgyrýan ölüm" diýilýär.
Bu ulgamlaýyn täsirler trawmatiki rabdomiýoliz sebäpli ýüze çykýar . Myşsa öýjükleri ölende kaliý, miýoglobin, fosfat, tromboplastin, kreatin we kreatin kinazyny gana çykarýar. Ol bolsa böwrekleri ýiti zäherläp, endotoksikoza getirýär.
Umumy bejergi, näsagyň regidratiýasy arkaly amala aşyrylýan böwrek ýetmezçiliginiň öňüni almaga baglydyr. Şeýle hem bu, peşewiň esasy pH baglydyr.
Derrew bejerilmedik sindromyň gaýryüzülmesi kelle beýnisiniň kislorod ýetmezçiligi, garyn boşlugynyň organlarynyň zeperlenmegine, asfiksiýa (aşa kislorodyň ýitmegine) giperkalemiýa, gipowolemiki şok, böwrek ýetmezçiligi, koagulopatiýa we gan akma bilen sepsis sebäpli ýüze çykýar .
Şonuň ýaly betbagtçylyklarda töwekgelçilik sebäpli, professional däl ilkinji kömekçilere (raýatlara) maslahat: ilki bilen öz janlaryna we kesek/ jisim astyndaky kömege mätäçlere zeper ýetirmezlik maksady bilen ýykym bolan meýdança golaýlaşmaň! Eger-de çylşyrymly bolmadyk uly köpsanly güýç talap edmeýän hadysalarda bolsaňyz zeper ýeteniň üstündäki jisimi aýyrmazdan ozal ýaralanan ýeriniň ýokarsyndan daňy goýuň, soňra agramy galdyryň we tizden tiz med personallara ýetişdirmegiň ugryna çykyň!
Dünýä ýüzüniň şol sanda ýurdumyzyň abadançylygy dilegi bilen janyňyz sag bolsun!