sahyrlar_we_men
22.03.2023 07:24
Pikir deryasynda akyl gämisi...

I
Şeýle bolmalydy,
Şeýle-de boldy:
Ençeme ýyl örklenip merkeze,
Ahyrsoňy üstün çykyp özümden,
Geldim şol arzyly seniň Gerkeze.

Şol uly şäheriň dymyk gijesi
Okamda şygryňy daň sazyna çen,
Bagyşla, Pyragy, bilýän diýse-de,
Şägirt halypasyn bilmeýän eken.

Seniň ömrüň, seniň döwrüň barada
Mäti Kösäýewiň bildini çeken
Şägirdiň iň belent baha alsa-da,
Beýik halypasyn bilmeýän eken.

Soň, durmuşyň uly-uly ýolunda
Azaşyp, gijeler gyzyl ot ýakan,
Içinden ot geçen hem sowuk geçen
Şägirt halypasyn bilmeýän eken.

Bu gün şaglawuklaň älemgoşary,
Daş içinde ýol ýitiren bulaklar,
Döşlerde nur saçýan elwan gülýaka,
Zer gaş bilezikli babyrbilekler,

Aýyň düşýän ýeri täsin Aýdere,
Dag daşlary, hat-da dagyň şemaly,
Seniň her setirňe, her bir bendiňe
Bir baky dikilen heýkel mysaly.

Bar geçen günümi bermen bu güne,
Çünki şu gün her setiriň, her bendiň,
Ykbalyň, begenjiň, gynanjyň, söýgiň,
Umuman, seň özüň has ýakyn bolduň,

Bu täsin daglaryň, täsin görnüşiň
Duýgudyr aňynda suratyn çeken,
Pyragy, seň ýaly merdana ärde
Şahyr bolmazlyga çäre ýok eken.

II
Gel, oturyp dünýe hakda sözläli,
Ýakyn edip ara düşen yragy.
Rastym aýtsam, jedelleşmek
meýlim ýok,
Men nire, sen nire, eziz Pyragy!?

Döwür elmydama üýtgär-de durar,
Bu gün düýne gider. Düýnüň hiç gelmez.
Ýeke bir hak dostuň bitiren işi
Müňde bir ýoldaşyň golundan gelmez.

Seniň döwrüň, özüň bilýäň, agyrdy.
Emma şeýle böleşdiler bu derdi:
Kiçi ýürek onuň kiçi bölegin,
Uly ýürek ulusyny göterdi.

Namart gülýär mert kişiniň halyna,
Dünýede şer işiň bolany üçin,
Ejiz ýurek bilen ýaşasa bolar,
Uly ýurek bilen ýaşamak ne kyn.

Ýagşylyk, ýamanlyk elmydam birdir,
Kimse haýryň zary, kim şeriň zary,
Bu gün ýamanlygyň bolany üçin,
Ýetýär adam başa bäş batman däri.

Her adam başyna bäş batman ölüm?!
Her adam başyna bäş batman däri?!
Bir başa bir ölüm ýeterlik bize,
Bir başa bäş batman?
Artygrak dälmi?

Adam ähli söýüp, urşup, ýigrenip,
Gör-bak,
näçe ýüz müň menziller geçdi.
Ähli döwürleriň haýyr, şer işi
Maňzy,
Asly,
Durky bilen meňzeşdir.

Dünýede şer işiň bolany üçin,
Ähli döwürleriň geniý nesili,
Ýanyp ýaşaýarlar ahyr içmäge
Salýeriň awuly pyýalasyny.

Adamyň zehini beýik bolanda,
Bahyllar üstüne labyryn atar.
Ýöne akyllaryň ýogalan güni,
Hatda şol milletem başyny tutar.

Kimse çykar uzak-uzak ýollara,
Şatlyk buşlap, gapylary kakmaga,
Kimse çykar şol buşlukçyň öňünden
Onuň tigirine taýak sokmaga.

Şeýdip, çüýrük merdiwana çykarlar,
Köňüllerin bir pasyljyk şat edip.
Han-begler,
Şazada,
Şalar ölýärler.
Halk aglaýar şahyryny ýat edip.

Çünki hak şahyrlar iliň namysy,
Agysyna aglap, gülse gülýärler.
Il-günüň hasratyn ýüregne çekip,
Soňra ýürek agyrsyndan ölýärler.

III
Begenjegňem, gynanjagňam bileňok,
Gök çaýyň başynda aýdyp ýomaklar,
Erte ony goşga salyp getirýän
Juda köpelipdir şahyrsumaklar.

Gynanýarsyň seniň beýik käriňi
Ýaňky tetellileň harlany üçin,
Biraz begenýärsiň: «Eý, garaz, näme,
Olardan okyj-a çykmagy mümkin,..»

Olar elmydama ýaşar ýörerler,
Bulap ownuk adamlaryň hyýalyn.
Haçan? Haçan ýiter şahyrsumaklar
Mamontlaň dünýäden ýitişi ýaly.

Asmanyň bezegi, ganaty — bürgüt.
Daglaryň bezegi peleňdir-şirdir.
Şahyr bolmaz ulus-ili güýmänler,
Adamlary özgerdýänler şahyrdyr.

...Diri bolan bolsaň, ýazardyň eser,
Unutmazdy neşirýatyň plany.
Arza berip, bolardyňam SSSR
Ýazyjylar soýuzynyň çleni.

Ýygnaklara, maslahata barardyň,
Dilewarlar bardyr ökdeden ökde,
Işlerin okarlar: «Beýik şahyryň
Şygrynda ters otur hem nokat hakda».

Sen ýylgyrsyň, biraz dere batarsyň,
Çümersiň birhili düşnüksiz duýga;
Herhal, Magtymguly tersoturlardan,
Çyzykdan, nokatdan biraz beýig-ä...

Ýygnaklaň birinde gazaba münüp,
Kärdeşini ýersiz urýan bir bikär
Öýe gelip, çagalarna (eý, aman!)
Bikär hakda ýazan goşgyňy okar.

Onuň müýni ýokdur. Gara çynydyr, —
Özüniň pesligne, galplygna bakman,
Peslik, Galplyk hakda goşgularyňdan
Yhlas bile mysal getirer hökman.

Her döwüriň öz dessury, däbi bar,
Ýöne mahal-mahal çenden çykyp has,
Biziň özümizi gözelleşdirýän
Tebigatyň gözelligni unudýas.

Seniň wasp etdigiň gözel bedewler
Bu gün ýataklarda çekýärler zary.
...Oba hojalykda ähmiýeti ýok,
Nämemiş, garnynda ýokmuş motory.

Olar bolsa, goç ýigidi göterip,
Şemala, boz sähra, ýaýlaga sary,
Gözellere sary gitmek isleýär,
Bürgütleň asmana galşy mysaly.

Ylym barýar ýyldyzlaryň deňine,
Şäherlerem aýa başyn baglaýar.
Ýöne ýerden, gülden dörän adamzat
Sähra baryp, güli ogşap, aglaýar...

Aeroporty bilen güňlesin şäher,
Aeroportam öz sesine guwansyn!
Ýöne tebigylyk, sadalyk mydam
Adamynyň onki süňňünde galsyn.

...Kä sada adamlar jedelleşýärler
«Şygrynyň muzduny bermeseň eger,
Her ýüz on müň adamynyň başyna
Bir şahyr ýeter ýa ýetmezdi meger.»

Sadalygy bile dogry bu pikir,
Çünki iş tapmasa pensiýa çykan,
Öz uzak ömrüniň ýyl ýazgysyny
Gyzyllap iberýär redaksiýa bakan.

Hany onsoň dur bakaly öňünde,
Goşgyň gowşak diýip ýazarsyň jogap.
Jogaba jogap ger: «Nähili beýle...
Çynym bilen ýazdym, meň ýüregim sap!»

We şuňa meňzeşler, ýene ş. m.-ler...
Emma şygryýetde saplykdan başga,
Tebigat başga bir gudrat bermeli,
Bilbil bogazyny berşi deý bagşa.

IV
Iňrik çökdi Aýderäniň üstüne,
Dag başynda ot alypdyr bulutlar.
Seniň gözüň, demiň düşen jülgeler,
Bahar meýlisinde serhoş bolupdyr.

Mahal-mahal uzyn gije dümtünip,
Ahyr ýetenimde halasgär daňa,
Eý, Pyragy, saňa sorag berýärin:
«Senden daşlaşýanmy? Barýanmy saňa!»

Gep bu ýerde rifma, bogunda-da däl,
(Ýogsa, düýn ýüregin, beýnisin ezip,
Täze-täze rifma gözlän-de bolsa,
Bu gün sadaň gözleginde Ezizow).

Gep süýji owazda, akymda-da däl,
Her kim dowam edýär saýlan ýoluny.
Ýok, başga ulurak bir mesele bar,
Söýýänmi
Söýşüň dek türkmen ilini?

Onuň ýaýlag bürän sähralaryny,
Daglarynda jerenleriň balasyn?
Giýewçilemäge haçan ger diýip,
Çuwalgyzlaň kakýan süýji lälesin?

Isgenderiň düýşüne-de girmedik
Içi bereketli binalaryny?
Bir ajap sözlemiň ýüzlenmesi däk
Howaly-howaly minaralarny?

Ýazgar meni, şu zatlary söýmesem,
Söýmedigim — harladygym käriňi.
Öz ilini söýüp bilmedik kişi
Söýebilmez materikleň baryny,

V
Enäni söýmedik ýurduny söýmez,
Ýurduny söýmedik jahany söýmez.
Jahany söýmedik özüni söýmez.

Gurbannazar EZIZOW
12
75
lalahan
22 Mart 2023
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.