ylham_gurbanaly
22.03.2023 01:43
Şenbe gün agşamaralar...
Umytsyz yşyklar,
Köşk-minaralar.
Gülküler, gynançlar, tussag,
Garantga
Kerepde,
Pesde.
Milliard gussa.
Öwezi dolunmajak ýaşlyk.
Trillion ýalňyşlyk.
Ýada düşmeýän sen.
Keremjan,
Jigilem,
Ejem
Hemem güjügim.
Oňa seň adyňam dakdym.
Ol çyparja, tüýlejik,
Edil sen ýalak.
Birem senden million esse akylly.
A men - gurjak
Hergiz ellerňe ilmejek.
Saçlaň myjap-myjap ogşasym gelýär,
Bir ýaşasym gelýär,
Ýaşamasymam,
Gözleriňe girip gidesim gelýär.
Eýýäm
Bir samsyjak gijäň açary.
Dek düýn ütüp goýdum älemgoşary.
Baha berme asla adatlar bilen,
Men - adatdan daşary,
Seň barlygyň uçary.
Şoň üçin serden geçeli.
Barybir biz irde-giçde öçmeli.

Ýagtylyk.
Alagaraňkylyk.
Çyralar.
Ýaralar...
A sen meniň ýürejigmiň ýanynda...

Şenbe gün agşamaralar...


Suraý Babanyýazowa
16
159
Myhman Myhman
23 Mart 2023
Owezi dolunmajak yaslyk- trillion yalnyslyk. Gowy yanasdyrma bolupdyr
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
22 Mart 2023
ylham_gurbanaly, bu durmuşa düşündim
ylham_gurbanaly
22 Mart 2023
Relax, Diňe onuň bilen çäklenenok
Relax
22 Mart 2023
ylham_gurbanaly,söýgilsiniñ adyny itine goyupdyr şondada soyipdir
ylham_gurbanaly
22 Mart 2023
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98, meselem, aýdaly özüň nämä düşündiň?
Myhman Myhman
22 Mart 2023
Sada bolsa has gowu bolýa
Myhman Myhman
22 Mart 2023
Eser nàçe sada dilde ýazylsa şonçada dùşinen kop bolar
melek06
22 Mart 2023
Post 👍🏻👏🏻👌🏻
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
22 Mart 2023
ylham_gurbanaly, düşünüp okan köp dos
ylham_gurbanaly
22 Mart 2023
Azajygam bolsa düşünip okanňyz barmy???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.