BaýramBejidow
21.03.2023 09:29
,,Döwir-döwir" diýip käkeläp ýöris,
Ynsan ynsanlykdan çetleşip barýar,
Käte ýagşylykdan sogaby dörip,
Ýagşy ýaman bilen sepleşip barýar.

Men-menlikden laý palçyga batanlar,
Peýda arap kişä töhmet atanlar,
Namysyny gara şaýa satanlar,
Ile göwni ýetmän güpleşip barýar.

Zyna kylyp, ady loly bolanlañ,
Müñ gez hajy bolsun, hata ýülinmez,
Sesi batly bir gün jübsi galyñlañ,
Günäsin bigünä ýükleşip barýar.

Doljagyna düşinilmän pilleleñ,
Görki üçin geýilýän deý selleler,
Namazlyga sežde etsin kelleler,
Diýme ,,öz günäsin çöpleşip barýar".

Jinnik ýaljak açman haýryñ gapysyn,
Binamyslañ giñ açyldy ýakasy,
Hak söz aýtsañ ýüziñ alýar köpisi,
Göwin ýalan söze nepleşip barýar.

Kä gyzlañ göz üçin başlary boglan,
Hergiz söweş edýär çyn bilen dogram,
Arada syn etdim gelin, boý oglan,
Körän söýgi hakda gepleşip barýar...

Awtory: Baýram Bejidow

10
115
melek06
21 Mart 2023
👍🏻👏🏻......
jemal_seyitniyazowa
21 Mart 2023
Näme-de bolsa esasy ýere taýynlanýanlar ýeňer🦋
ENŞALLAH
21 Mart 2023
Salam siz mana komek edip bilersinizmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.