lord
20.03.2023 21:03
İnternetdäki, poçta gutularyndaky, şonuň ýalyda, biri-birlerimize ugradýan smslerimizdäki "Bagt hatlary" aslynda näme?!

Adamlar sosial-medeni durmuşda ýaşap başlaly bäri (gürrüňi edilýän wagt ylmy-tehniki öwrülişikden soňky döwür) dürli etiketler emele geldi, öňki barlaryň bolsa hemmesi diýen ýaly özgerdi. Ýöne, şuňa garamazdan, biz globalizm asyrynda ýaşap durubam, käbir bolup geçýän hereketleriň manysyna düşünibem duramyzok, düşünmänem biziň özümiz şol hereketleri edýän wagtlarymyz bolýar... Siz: "Men bular ýaly hereketleri edemok" diýýän bolsaňyz we eger-de kimdir birine "Bagt hatlaryny ugradan bolsaňyz, diýmek siz ýalňyşýarsyňyz...

"Bagt hatlary" aslynda näme?

Bu hereketiň ilkinji sapar haçan, nirede we näme maksat bilen dörändigi barada anyk maglumat bolmasa-da, bu adamlaryň üstünden gysgajyk wagt aralygynda gözegçilik etmek, olaryň aňlaryna täsir etmek, olaryň gymmatly wagtyny biderek zatlara ündemek, artykmaç maddy çykdajylary çykartmaga ündemek, şonuň bilen birlikde iň esasysy şol hereketiň edil "wirus epidemiýasy" ýaly ýaýramagyna şert döretmek üçin şol adamlardan peýdalanmakdan, we onuň hem başgalary "gipnozlamagyna" ündmekden başga pişe däldir.
Meselem:
"...Şu smsi 20 ( köplenç, başga sanlaram ulanylýar-A.) adama ugrat ertir gowy habar eşidersiň we şol habar seni seniň durmuşyňda iň gowy habar bolar. Şol adam bolsa seni iň bagtly etjek bagtyň bolar..."
Mundan başga-da, internediň has kämilleşýän döwründe "Bagt hatlarynyň" ikinji mazmunly görnüşi hem köp ýaýrady. Olar islendik saýtdan peýdalanyp oturan wagtymyz: "Hormatly ulanyjy" ýa-da "Hormatly internet ulanyjysy, siz internetden köp peýdalanýandygyňyz (başga sebäp hem bolup biler-A.) sebäpli (meselem alnanda köplenç telefon utuk gazanandygyňyz barada habarnama-A.) iPhone 14 Pro utduňyz. Utugyňyzy almagyňyz üçin e-mail adresiňizi we kody giriziň"- diýýärler.
Şol ýagdaýda siz ne e-mail ýazmaly, ne-de bular ýaly habarnamalary yzarlamaly. Eger siz e-mail adresiňizi we elektron poçtaňyzyň paroluny girizseňiz, olar size gelen elektron poçtalardan jikme-jik habardar bolup bilerler. Siziň poçtaňyzdan islendik maksatda, islendik wagty peýdalanyp, hat-da size psihologiki täsir edip bilerler. Şonuň ýaly habarnama alsaňyz umuman üns bermezligiňizi maslahat berýärin.

©Muhammet Mahmudow
19
138
ideallider
21 Mart 2023
Bir döwür telefonda çaga oýuny "Momo" atly apk hem peýda bolupdy👍
Dusia
21 Mart 2023
Men kän duşdum, hatda gmail ugradypdymam 🤦🏻‍♀️
yakup allabayew
20 Mart 2023
👍👍👍👍👍👍
melek06
20 Mart 2023
Post 👍🏻👌🏻
lord
20 Mart 2023
Prog norm işlanok. Eger öňkisi yaly işlese öňkim yaly aktiwje bolaryn:)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.