mgm
20.03.2023 16:33
4-nji Gat
Gorky hekayasy.Bolan waka
"Bir gün gije gyssagly ugratmaly e-poctalarym bar bolany sebäpli internet kafe gözläp öýden çykdym.Kafe köne bir binanyň 6-njy gatynda bar ekeni. Girişden giremde lifte barýan kiçijik garaňky bir geçelge bardy.Liftiň gapysyny açdym içeri girdim.Käbir Aziýa ýurtlarynda köp binalarda 4-nji gat ýokdur.Sebäbi "dört" diýmek "ölüm" sözüne ýakyn.Şonuň ücin hem 4 sany şowsuzdyr.Liftdäki dügmeler 1-2-3-5-6 dy 6-a basdym.Gapy ýapyldy we sessiz hereket etmäge başlady.Durdy we gapy açyldy,bir zatlaryň ýalňyş gitýänini aňdym.Zal tümlükdi.Liftden çykan yşyga zal çala ğöründi, ol ýerde ak mata bn ýapylgy mebeller bardy.Ýyllap ulanylmadyk jaýa meňzeýärdi.Ýalňyş ýere gelendirin dp pikir etdim.Sebabi näcenji gatda durandygymy görkezýän hiç zat ýokdy.
Edil şol wagt zalyň soňunda duran hereket edýän bir zadyň bardygyny gördüm. Nämedigini doly bilip bilmedim birhili ak eşikli adam ýaly görünýädi.Ol ýuwaşlyk bn meň ýanyma gelýärdi. Men gorkujuma derrew lifte girdimde gapyny ýap düwmesine basdym. Liftiň gapysy ýapylandan soň birden içindäki çyra gyrpyldady we öçdi.Tümlüge çümdim.Gaty erbet gorkýardym. Men özümi ýitirip barýarkam çyra gyrpyldap täzeden ýandy. Lift täzeden janlandy we ýokary hereket etmäge başladym. Rahat dem alyp başladym. Bu gezek internet kafe geldim bir stolda oturdym we bolan zatlary işgär gyza gürrüň berdim. Diňlände ýüzi solup gitdi. Käbir müşderiler we işlärler hem şoňa meňzeş wakalary başdan geçirendiklerini aýtdy.Ýöne özi beýle zada gabat gelmändir. Ol maňa bu ýeriň taryhyny gürrüň berip başlady:
"Öň 4-nji gat(etaź) gözellik merkezidi(salondy). Içinde bir işgär özüni öldürmegi bn hemme zat başgaça bolup başlady....
Dowamy bar
Türk saýtdan terjime edildi.
22
437
Myhman Myhman
22 Mart 2023
Taze hekaya yokmuu
mgm
21 Mart 2023
yakup allabayew,👍🏻
yakup allabayew
20 Mart 2023
👍👍👍👍👍👍👍
mgm
20 Mart 2023
numa,Hokman👍🏻
numa
20 Mart 2023
Relax, bay ba 6 seytanynky 4 oluminki 13 sowsuz san sanda name guna
numa
20 Mart 2023
Gelaysin
mgm
20 Mart 2023
Myhman Myhman,Hökman : )👍🏻
Myhman Myhman
20 Mart 2023
Gaty gyzykly dowamyna garasyas
mgm
20 Mart 2023
Güljagaz♡♡♡,Bolýa😊
Güljagaz♡♡♡
20 Mart 2023
Gaty gyzykly eken dowamyna garaşýan👍🙋‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.