Salyh bir är aýal ýaşapdyr. Aýaly äriñiñ sözúnden çykmandyr. Bir gün salyh adam bir iş sebäpli aýalyny yzynda ýeke galdyryp gitmeli bolupdyr. Gideninde aýalyna näme bolsa bolsun hiç ýere gitmegin diýip tabşyryp gitýär. Soñra aýalyñ kakasy keselleýär we soňky deminde gyzyny görmek isleýär emma gyzy äriniñ diýeninden çykmajagyny aýdyp gitmeýär. Kakasynyň keselländigine gynanyp näme etjegini bilmän oýlanyp gezýär. Soñra aýal dogany alyp gitmek üçin gyz jigisiniň ýanyna barýar oňada gitmejegini aýdyp öýünde galýar. Birnäçe wagtdan soň kakasynyň ölüm habaryny alýar. Ayalyñ ýoldaşy iş saparyndan gelýär aýaly bolan zatlary aýdyp berýär. Âri: olar ýaly ýagdaý bolsa gidäýmeli ekeniň, beýle bolar öýtmedim diýýär. Soñra aýal gije ýatyrka düýşünde kakasyny görýär. Kakasy oňa gelmedigiñ gowy boldy seniň ýoldaşyñ aýdanyny edip gelmänligiñ sebäpli saňa sogap ýazdylar meni bolsa seniň üçin bagyşladylar diýýär. Ýoldaşyňyzyñ razylygy ähli zatdan zerurdan!