Perishdejik
19.03.2023 21:27
Al-elwan güllere çümüp-beslenip,
Dolup-daşyp,ýaz gelipdir Diýara.
Guşlar saýrar bir enaýy seslenip,
Aýdym-mukam, saz gelipdir Diýara.

Baglar begresini egnine atyp,
Bagbanlañ işleri özüne ýetik,
Derýalar joş urup,saçýar ak köpük,
Ördek,guba gaz gelipdir Diýara.

Işlerimiz rowaç - barýarys öñe,
Şygarymyz şeýle: ýeñmeli diñe,
Bagtyýarlyk atly aýdyma heñe
Sesin goşup,ýaz gelipdir Diýara.

Görk alyp müñ dürli al- elwan gülden,
Joşgunymyz silden,badymyz ýelden,
Her bir müşgül işler gelip dur elden,
Umytlarymyz tiz gelip dur Diýara.

Joşgun Öräýew
16
89
numa
20 Mart 2023
👍🌟👍🌟🌟👍🌟👍👍👍👍 men geldim
Myhman Myhman
20 Mart 2023
👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍
yakup allabayew
20 Mart 2023
👍👍👍👍👍👍
atakulyyewa_humay
19 Mart 2023
Işlerimiz rowaç — barýarys öňe.
Şygarymyz şeýle: ýeňmeli diňe. (Şu setirleri has hem gowy ekeni) Goşgy 👍
nuryyewagulshat
19 Mart 2023
👍👍👍👍👍👍👍👍👍
melek06
19 Mart 2023
👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
A.E.S
19 Mart 2023
👍🏻👍🏻👍🏻☑️......
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.