G.07.J.11
16.03.2023 00:17
Ýa habyp, hak resuly sen,
Çyn jandan soýmüşem seni.
Derwüşler gadyr gijesin
Söýen dek söýmüşem seni.

Eýleýip seýr-u seýrany,
Keşt etsem külli Eýrany,
Misli Ybraýym Sarany
Söýen dek söýmüşem seni.

Ýakup ýurt etdi Kengany,
Ogludyr Müsür soltany,
Misli Ýusup Züleýhany
Söýen dek söýmüşem seni.

Ýalançyny tutdy ady,
Olardyr yşkyň binýady,
Mejnun Leýli perizady
Söýen dek söýmüşem seni.

Dildi daglaryň zirini,
Tapmaýan biri-birini,
Aşyk Perhat ol Şirini
Söýen dek söýmüşem seni.

Egdi meni dünýe maly,
Bolmady yşkym kemaly.
Seýpelmelek Mahjemaly
Söýen dek söýmüşem seni.

8
96
G.07.J.11
18 Mart 2023
Bayaga,nirden bilyan suratdakyn mendigmi bilip gurle kimdirin oydyan ozune kellane geleni yazar yaly
Bayaga
17 Mart 2023
Ey sheyleu zakmaynay ylym bilim diyilyan zatdan. Goshgy Pygamber uchin yazylan ozunem dar koynekli suratyn bilen paylashyanmay bu suraty bolmanda duzene hormat goya hou
melek06
16 Mart 2023
👍🏻......
jemal_seyitniyazowa
16 Mart 2023
Dil başga gürleýä syrat başga gürleýän ýaly bolupdyr... maňa goşulmak bolmaz welin🥲
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.