Näme üçin "hemme zat bilýän" nesiller çörekçiniň açlygyndan ölenine ynananok?
"Ol blokadada çörek bişiripdi we 1942-nji ýylyň 3-nji fewralynda açlykdan öldi. Leningrad blokadasynyň ýatlama kitabyna girizilen".
Çörekçi işinde açlykdan öldi.
"Derýanyň boýunda suwsap öldi".
Hemme zatdan öň aýdaýyn: arhiwlerden bu wakany tassyklaýan hiç hili subutnama tapylmady. Belki-de Kýutineniň çörekçi bolandygy ýalandyr. Toslamadyr. Ýöne beýle wakalar Kýutineniň ýagdaýynda bolmasa-da, hakykatdanam köp bolupdy.
Ýöne men häzir başga zat barada.
3-4 ýyl öň bu surat bilen suratdaky adam barada ýazylan tekst häzirki döwürde aýdylyşy ýaly "internedy ýardy".
Müňlerçe likelar. Ondanam köp teswirler.
Teswirlerde şok. Baş egmek. Geň galmak. We nädip beýle bolup bolýanyna çyn ýürekden düşünmezlik.
Dogrusy, meni beýle reaksiýa begendirdi.
"Adamlar şeýle maglumatlara teşne bolupdyrlar" diýen pikir döredi.
Adamlara adam bendesiniň näçe köp zatlary edip biljekdigine, nähili kynçylyklara döz gelip biljekdigine ynanmak zerur.
Adamlaryň adam tebigatynyň umytsyz däldigini bilmek möhüm. Biziň diňe manysyzlykdan, göriplikden, ýigrenmekden, öz görnüşini öldürmekden, dönüklikden we zalymlykdan başga zatlarada ukyplydygymyzy bilmek zerur.
Şeýlelikde, teswirleriň köpüsi guwanmakdan ybaratdy.
•GAHRYMAN. Ynanar ýaly däl, nähili adamlar ýaşapdyr. Ine bu hakyky adam, häzir beýle adamlar ýok. Gahryman. Ýene-de köp gezek gaýtalaýyn - hakyky gahryman.
Ýöne başgaça teswirlerem bardy. Köp däl, ýöne bardy.
•Samsyk. Hakyky samsyk. Özüň çörek bişirmek we açlykdan ölmekmi?
•Nädip gahryman bolýarmyş? Onuň ýöne gidere ýeri ýokdy. Ol wagtlar her bir işçä garawul baglanylýardy. Eger, bolmanynda näderdi..
•Onsoň Kýutinen näme gazanypdyr? Özüni öldürdi we başgalary-da çöreksiz goýdy, diri bolanynda başgalar üçin işläp ýene-de çörek baryny bişirip bilerdi.
•Bularyň bary ýalan. Ýeňiş baýramyna gabatlap beýle ýalan maglumatlary bilen halys bizar etdiler. Hemmesi toslama, ynanmaň!
Bu zatlary okanymda gahrymançylygyň tebigaty barada pikirlendim. Ýöne ilki bilen beýle pikirleriň tebigaty barada gürrüň açaýyn.
Beýle adamlara ýaşamak kynmy ýa ýeňilmi?
Başgalaryň asyllylygyny, wepalylygyny, gahrymançylygyny, edermenligini özüňde deňäp görmek nähili kyn...
Onuň üçin deňäbem görenoklar, derrew ynanmazçylyk bilen bolýarlar. Olara beýtmeklik has aňsat. Şonuň üçin hiç wagt edip bilmejek zatlaryna ýalan diýmek bilen çäklenýärler.
Şonuň üçinem bu çörekçi "samsyk". Olar bolsa akylly.
Olaryň pikiriçe, Ýanuş Korçagam* samsykdy. Onda-da nähili samsyk!
Dogrusy, özüňi aldamagyň ýollaryny düşündirip bolmaz.
Aslynda islendik adam durmuşda hemme zatdan beter bir zatlardan gorkýar. Men başgalar barada däl-de, diňe özüm barada aýdyp bilerin.
Boýun alýan: men gorkunç saýlawlardan gorkýaryn.
Edil özi gorkunç saýlawlardan. Haçan-da ýaşamak ýa ölmekden birini saýlamaly bolanda.
Başga kyn saýlawlaryň öňünde köp bolup gördüm, ýöne meniň pikirimçe, özümi günäkärmeli boljak zadym ýok.
Ýöne olar Ýanuş Korçagyň başyna düşen saýlaw ýaly däldi...
Ýa-da Leningradly çörekçiniňki ýaly. Ol özüne hatda birje owuntygyda iýmäge ýol bermedi, owuntyklary hiç kim görmezdem ahyryn. Owuntyk iýibem özüni diri saklap bilerdi.
Ýagny olar ölmegiň ýa ýaşamagyň arasynda saýlamaly boldular.
Gynançdan, ýigrençden, öz özüňe bolan ýigrençden doly ýaşaýyş. Ýa-da ölüm.
We men häzir belki-de gaty geň eşidiljek zat aýtmakçy.
Meniň pikirimçe, asylly, edermen, gahryman adamlar ýaly garasöýmez (egoist) adam ýok.
Olar aslynda altruist däl-de, hakyky deňi-taýy bolmadyk egoistler.
Näme üçin bilýäňizmi?
Sebäbi eger-de olar ikilik etseler, gorksalar, aldasalar, ogurlasalar, kömek etmeseler, gürlemeli ýerinde dymsalar, halas etmeseler hemmelerden öň özlerine agyr batar!
Şoňä görä-de, uzagam bolsa ýöne çydap bolmajak durmuşy ýaşamak nämä gerek? Wyždan azabyndan beter jeza bolup bilermi? Olar şeýle gurlan. Olara beýle duýgy bilen ýaşamak agyr bolar. Gaty agyr bolar.
Ýöne ýene bir ýagdaý.
Aslynda, adam üçin nähili ýaşajagy bilen deň derejede nähili öljegi-de wajyp bolsa gerek. Ýumşak düşekde emma özüňe bolan ýigrenç bilen ölmekmi ýa-da Ýanuş Korçagyň saýlany ýaly gaz kamerasynda ýeke goýulmadyk çagalar bilen ölmekmi?
Лёгкой жизни я просил у Бога:
Посмотри, как мрачно всё кругом.
И ответил Бог: - Пожди немного,
Ты ещё попросишь о другом.
Вот уже кончается дорога,
С каждым годом тоньше жизни нить.
Лёгкой жизни я просил у Бога,
Лёгкой смерти надо бы просить.
Iwan Thoržewsikiniň bu setirlerem şu barada bolsa gerek (P.S. terjime edip bilmedim)
Kimdir biri üçin ýeňil ölüm - öleniňi duýman galmak ýaly.
Kimdir biri üçin başga ýoluň ýokdugyna düşünip, özüň isläp edilen saýlaw.
Awtory: Alla Leskowa.
*Ýanuş Korçak - hakyky ady Henrik Goldşmit. Polşaly pedagog, ýazyjy, lukman, pedagogika ylmyna degişli birnäçe kitaplaryň awtory, ýewreý çagalary üçin "Ýetimler öýüni" dörediji. 1940-njy ýylda ýetimler öýündäki çagalar bilen bilelikde Warşawa gettosyna sürgün edilen (Ýanuşyň özi-de ýewreý bolan). Iki ýyllap gettoda çagalaryň aladysyny edip, olar bilen galan. 1942-nji ýylyň 5-nji awgustynda olary Treblinka konslagerine geçirmek barada karar çykarylan. Gettodan ugramaly pursadynda Ýanuş Korçaga galyp biljegi aýdylanda ol: "Çagalar näme?" diýip sorapdyr. Çagalaryň galmagy mümkin däldigi aýdylanda welin Korçak: "Siz ýalňyşýaňyz. Çagalar hemme zatdan öňde!" diýip, wagonyň gapysyny içinden ýapypdyr. Ertesi güni Ýanuş Korçak çagalar bilen bilelikde gaz kamerasynda öldürilipdir.