Uzak ýaşamagyň syry
Suratdaky aýal Žanna Kalman,1997-nji ýylda 122 ýaşynda aradan çykan fransiýaly uzak ýaşaýjy. Kalman hiç haçan sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolmandyr, 95 ýylyň dowamynda çilim çekipdir we bu endigini diňe 117 ýaşynda taşlapdyr. Sebäbi bu ýaşda aýal kör bolupdyr we çilimi özi otlap bilmändir, başgalardan haýyş etmäge bolsa utanypdyr. Kalman hemişe wino içipdir we hepdede 1 kg şokolad iýipdir.
Nädip uzak ýaşap bilendigi hakdaky soraglaryň hemmesine Kalman şeýle jogap beripdir: "Eger-de siz haýsydyr bir ýagdaýda hiç zat edip bilmejek bolsaňyz, bu barada alada etmäň".
Çilim çekmekden, wino we şokoladdan başga-da Kalman köp miwe iýipdir we diňe zeýtun ýagyny ulanypdyr. Şeýle-de ol 100 ýaşyna çenli tennis oýnapdyr we welosiped sürüpdir. Myhmançylyga gitmegiň deregine Kalman tebigata gezelenje gidipdir.
Mundan başga-da ol baý maşgaladan bolupdyr we hiç haçan işlemändir.