olia
13.03.2023 01:28
Doňan saçlaryň bäsleşigi
Kanadanyň iň çet nokatlarynyň biri bolan Ýukon ştatynda Tahini diýen ýer bar. Ol Alýaska bilen araçäkleşýär we öňler turistlar üçin känbir gyzykly däldi. Bu ýere gelmek kyn, ýadygärlikleri ýok, daş-töweregi diňe ellenmedik taýga we daglar. Şonuň üçinem Tahinide ýerleşýän geotermal çeşmeler dynç alýanlar tarapyndan köp gelinýän ýer däldi.
Üýtgeşik bäsleşik
Emme geçen asyryň ortalarynda Alýaska ýol çekilmegi bilen hemme zat üýtgedi. Ol göni Tahininiň deňinden geçýär we ýol gurlandan soň bu ýer turistleri özüne çekip başlaýar. Aslynda geotermal çeşmelerde üýtgeşik zat ýok - ýeriň aşagyndan gyzgyn suwlar çüwdürip çykýar we iki sany basseýni doldurýar. Suwuň temperaturasy daşary nähili sowuk bolanda-da 47°C-dan pese düşmeýär. Hut şu ýagdaý hem bu ýerde dünýädäki iň üýtgeşik ýaryşlaryň biriniň, ýagny, doňan saçlaryň bäsleşiginiň döremegine sebäp boldy.

Ýaryş noýabr we mart aýlary aralygynda haçan-da daşarynyň howasy -20°C-a çenli düşende geçirilýär. Ýaryşyň şerti ýönekeý: suwa çümüp çykmaly we soňra derrew saçlaryňa üýtgeşik şekil bermeli. Islendik serişdelerden - darakdan, saç boguçlaryndan we beýlekilerden peýdalanmak mümkin. Esasy zat kelläňde adatdan daşary görnüş döretmek. Has dogrusy, ony size derek sowuk edýär. Soňra ýaryşyjy öz döreden gözelligini surata almaly.

Ýaryş bütin sowuk sezonda dowam edýär. Gatnaşmak isleýänlere diňe kurortyň administratoryna bellige alynmak we oňa suratlaryňy bermek zerur. Ýeňijileri köpçülik seçýär - kandidatlary administrasiýa saýlaýar, ahyrky ses berlişikde bolsa kurorta gelenler we ýaryşyň blogyny okaýjylar saýlaýar.

Konkursda birnäçe nominasiýa bar: ýekelikde düşürilen iň gowy erkek we aýal suraty, iň gowy toparlaýyn surat, iň üýtgeşik doňan sakgal we hatda iň gowy çaga suraty. Howwa, daşarynyň howasy käwagtlar -30°C çenli düşüp bilýän bolsa-da, ýaryşa çagalaram gatnaşyp biler.

Her nominasiýada ýeňiji bolan simwoliki 150 dollar sowgat alýar we iň esasysy-da kurorta indiki gezek geleninde uly göwrümli ýeňilliklerden peýdalanyp bilýär. Şeýlelikde administrasiýa turistleriň Tahininä her ýyl gelmeklerini gazanmak isleýär.
17
402
Myhman Myhman
14 Mart 2023
Gaty gowy tasinlik !!
Myhman Myhman
13 Mart 2023
menem sacymi seydesim gelya😁😁
numa
13 Mart 2023
ideallider, men bardym gyzgynjak suw bar yerin asagynda
olia
13 Mart 2023
HangeldiAmanberdiýew,yok suw hemishe gyzgyn yone howa sowuk shon un bolya
Dusia
13 Mart 2023
Haý samsyklar janyňdan gowymyka ýeňiji bolmak 🤦🏻‍♀️
HangeldiAmanberdiýew
13 Mart 2023
Ivanuşkadaky yaly gyzgyn suwdan sowuk suwa bókyalermika menem jana dôz geleyin merdana yigit bolayyn dp yaşarjak bolup
Myhman Myhman
13 Mart 2023
Juda tasinlay
ideallider
13 Mart 2023
numa, ömrümde barypgöremok👍
numa
13 Mart 2023
ideallider, ķöwata gowja yer
ideallider
13 Mart 2023
Köwata meňzeşiräk öýdýän👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.