Natron: öldüriji gözellik
Bu göze ilmeýän köl, Afrikada Tanzaniýa bilen Keniýanyň serhedinde ýerleşýär. Ýabany tebigat bilen gyzyklanýan Nik Brandtyň suratlary bolmanynda, bu köl näbelli bolup galardy. Onuň daşa öwrülen guşlaryň ak gara suratlary haýran galdyryjy we köpleriň ünsüni özüne çekýär. Ölümiň özi şekillendirilse-de, suratlara ynanmak kyn - guşlaryň bu “heýkelleri” ýasama ýaly görünýär.
Hekden(известняк) edilen "heýkeller"
Natron köli amatly subwatorial sebitde ýerleşýändigine garamazdan, hiç wagt suwlarynda ýaşaýşyň bollygy bilen tapawutlanmandyr. Bu birnäçe tebigy faktorlar bilen baglanyşykly. Birinjisi, kölüň tebigy çuňlugy üç metrden geçmeýär we gurakçylyk döwründe suw kölüň käbir ýerlerinde + 50–60 ° C temperatura çenli gyzýar.
Ikinji faktor, kölüň suwuny weýran ediji aşgarly (щелочная) gurşawa öwürýän kalsiý we natriý duzlarynyň bolmagydyr. Aslynda, suw howdany, düzümi durşuna erän kir ýuwujy serişdeli ýaly. Bu duzlaryň konsentrasiýasy şeýle bir ýokary welin, Natronyň suwlary mysal üçin, çap edilen materiallardaky syýany aňsatlyk bilen eredip, derini ýakyp, guşlary bolsa şeýle hek heýkellerine öwrüp bilýär.
Suwa düşen guşlar aşgaryň öldüriji dozasyndan şol wagtyň özünde ölýärler. Soň bolsa olaryň jesetleri adaty suwda bolşy ýaly çüýremegiň deregine kalsinirlenýär, ýagny hek daşyna öwrülýär. Haçan-da kölüň suwy bugaryp, aşak çekilende guşlar görünip başlaýar. Hut şol ýerde Nik Brandt olary görüpdir. Bu galyndylaryň birnäçesini ýygnap, suwuň fonunda tebigy ýagdaýda ýerleşdirip surata düşüripdir. Onuň suratlarynda kepderi, bürgüt we kiçijik flamingo görüp bilersiňiz.
Natron kölüniň ýaşaýjylary
Guşlaryň nädip ölýändigi, has dogrusy, kölüň suwlaryna näme sebäp gonýandyklary entek belli däl. Munuň üçin diňe bir düşündiriş bar. Guşlaryň ölmeginiň sebäbi, ähtimal, suwuň ýokary şöhlelendiriji üstüdir. Guşlar boş ýerde uçýandyr we aşakda suw ýokdur diýip pikir edýär. Käbir guşlaryň aňyrsy görünýän aýna urluşlary ýaly, Natron kölüniň pidalary hem onuň suwuna özlerini urýarlar.
Emma bu diňe bir çaklama. Nähili weýrançylyky bolsa-da, Natron kölüni düýbünden öli diýip atlandyryp bolmaz. Aslynda köl aşgarly suwda-da, üstünde-de ýaşaýan janly-jandarlardan doly. Ýok, elbetde, gürrüň balyk hakda däl. Kölde bakteriýalaryň we protozoan suwotularyň birnäçe görnüşleri ýaşaýar. Ýeri gelende aýtsak, olar Natronyň suwlaryny gyzyl we hatda mämişi reňke reňkleýär, bu bolsa hakykatdanam ajaýyp görnüş berýär.
Weýran ediji suw howdanynyň ýeke-täk ýaşaýjylary bolan bu suwotulary kiçi flamingolary iýmitlendirýär. Emma köl islendik janly zady sekuntda öldürmäge ukyply bolsa, guşlar suwuň üstünde nädip ýaşap bilerler? Bu Natronyň ululygy we ýylyň pasyllaryna bagly. Köl gaty uly - uzynlygy 57 km we ini 22 km. Suwlaryny ýekeje derýa bilen doldurýar, onuň suwy bolsa ýaşamak üçin amatly. Mundan başga-da, çygly möwsümde (fewral - aprel) Natron goşmaça ýagyş suwlaryny alýar. Şol sebäpli karbonatlaryň konsentrasiýasy ep-esli azalýar, bu bolsa kiçi flamingolara diňe bir kölde çydamly ýaşamaga däl, eýsem bu ýerde nesillerini köpeltmäge-de mümkinçilik berýär.
Emma guraklyk başlananda köl ep-esli kiçelýär, ony doldurýan ýeke-täk derýa guraýar, soň bolsa Natron islendik janly-jandary öldürýän duzaga öwrülýär, sebäbi içindäki aşgaryň derejesi birnäçe esse ýokarlanýar. Şol wagta çenli onuň kenarlarynda kiçi flamingolar galmaýar, olar has amatly ýerlere uçýarlar. Köl çalt kiçelýär we yzynda diňe duz gabygy we kalsinirlenen guşlaryň galyndylary görnüp başlaýar.