sahyrlar_we_men
12.03.2023 13:17
"Guşlar bilen söhbet açdym..."

Guşlar bilen söhbet açdym
Men bakylyk barada.
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Dostlaryma sarpa goýdum,
Elýetmez gyzlary söýdüm,
Baş ýalaňaç gezdim garda,
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Ýok, gykuwlap däl-de, aglap
Geçeninde jiger daglap,
Düşündim men durnalara
Öz köňlümem ahy-zarda,
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Her näme diýsegem, dostlar,
Göterilsin bu gün tostlar!
Çünki ýaşamaklyk hezil
Gan urýarka damarlarda,
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Gussa batmak nämä derkar!
Şatlanmaga hakymyz bar.
Gam çekeris biz aňyrda,
Biz, entek diri ahyry
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Ýöne ulurak bolalyň,
Uludan tälim alalyň,
Söz açsak näme barada,
Çünki, kiçi bolmak — günä
Ine, şu ullakan zemin
Hemem şu asman arada.

Gurbannazar EZIZOW
10
113
sahyrlar_we_men
26 Mart 2023
atakulyyewa_humay,sag boluñ goldawynyza
atakulyyewa_humay
21 Mart 2023
sahyrlar_we_men,wahey gynanaydymda, ay nesip bolsa Talyp bolsaň bolar...hawa menem okap ýörün...
sahyrlar_we_men
21 Mart 2023
atakulyyewa_humay, özüniz okayanyzmy?
sahyrlar_we_men
21 Mart 2023
atakulyyewa_humay, olimpiyada gatnasdym...netije pes boldy...
suwhanberdi
13 Mart 2023
Salam hemma
atakulyyewa_humay
12 Mart 2023
sahyrlar_we_men, oňat Hudaya şükür? Olimpiada nätdiniz?
sahyrlar_we_men
12 Mart 2023
atakulyyewa_humay, gowy siz gowmy
Mr.Parahadovich
12 Mart 2023
Hemma salam govmysynyz
atakulyyewa_humay
12 Mart 2023
sahyrlar_we_men,Salam gowmy yagdaylar?
sahyrlar_we_men
12 Mart 2023
zolushka,gowy hudaya sükür.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.