abat
12.03.2023 10:18
Erkekler näme sowgat almagy halamaýarlar?
Ozon» söwda meýdançasynyň hünärmenleri erkekleriň nämäni sowgat almak islemeýändigini öwrenmek üçin 18 ýaşdan uly 1000 adamyň gatnaşmagynda pikir soralyşyk geçirdiler. Onuň dowamynda her bir erkek adam öz sowgat almak islemeýän harydyny mälim etdi. Barlagyň netijelerini siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

Jorap — 49 %
Iň halanmaýan sowgatlaryň başy jorapdan başlaýar. Dünýäde her bir adam diýen ýaly ömründe azyndan bir gezek jorap sowgat alandyr. Şonuň üçin-de, her ýyl erkekleriň baýramçylygynyň öňüsyrasynda jorap sowgady baradaky gülküli suratdyr wideoşekiller, degişmeler jemgyýetçilik torlaryna giňden ýaýraýar.

Umuman, joraby nähili gutujykda owadanlasaňyz hem, sowgatlyk gaplarda gaplasaňyz hem bu sowgady oglanlaryň halamaýandygyny unutmaň.

Egin-eşikler — 7 %
Futbolka, oglan köýnegidir ýeňsizler, jinsi, trikotaž önümleri diňe bir ýakymly sowgat bolman, eýsem üns-aladanyň alamaty ýaly duýulsa-da, erkekleriň hemmesi bu sowgatlara begenmeýän eken. Sebäbi onuň ölçegi laýyk gelmänem bilýär ýa-da sowgat alýan adamyň eşikleriň reňkini, stilini halamazlygy mümkin. Belkem, onuň edil şoňa meňzeş egin-eşigi bardyr.

Atyr — 4 %
Halanmaýan sowgatlaryň bu sanawynda diňe bir atyrlar däl, eýsem odekolon, müşk, dezodorant ýaly her dürli ysly harytlar hem bar.

Şahsy ideg serişdeleri — 3 %
Görşüňiz ýaly, şampun, krem, sabyn, sakal alnandan soň çalynýan balzam ýaly harytlary sowgat bermek maslahat berilmeýär.

Sakal syrylan soň çalynýan köpük — 2 %
Bu haryt oglanlaryň iň köp ulanýan zady. Şonuň üçin bular eýýäm olaryň özünde bar. Şonuň üçin-de, sakal syrylan soň çalynýan köpügi ýatdan çykmajak ýa-da özboluşly sowgat diýip atlandyryp bolmaz.

Beýleki sowgatlar — 2 %
Bu bölüm öýde, işde ýa-da başga bir ýerde ulanyp bolmajak zatlary öz içine alýar: heýkeller, oýunjaklar, pul ýygnalýan gutular we ş.m. Şeýle sowgatlar täsin görünýän bolmagy mümkin. Ýöne olaryň ählisiniň hem seýrek ulanylýandygyny hasaba almagyňyz gerek. Çünki erkekler hemişe ulanaýjak, peýdaly zatlaryny sowgat almagy halaýarlar.

Geçirilen barlagyň netijelerine görä, erkekleriň 10 %-i islendik sowgady halaýar. Olaryň 9 %-i bolsa entek öz islegleri barada belli bir netijä gelmediler.
Çeşme: Salam news
16
675
numa
15 Mart 2023
Myhman Myhman, 😝😝😝😝 gulli zat halamok mena
ideallider
15 Mart 2023
Myhman Myhman, gülli we nagyşly köýnegi ömrümde geýmedim hem geýmerinem. Ýöne özüne nämederin öýdüp roza-gülli köýnek geýýänlerä bar, köpem duşdum😄👍
Relax
15 Mart 2023
Myhman Myhman, o pikrini eyam edip yorenler bar
Myhman Myhman
15 Mart 2023
meselem oglanlar size sorag: -gyzyn koynegine menzes matadan dikilen mužskoy koynek i birem menzes sagat nahili pikir?
Myhman Myhman
13 Mart 2023
Berekella yurekden jorapsyz yoredida
Myhman Myhman
12 Mart 2023
Numa , bolýar Dos ertir synanşyp görerin öýlendi öýtýän dos
numa
12 Mart 2023
Myhman Myhman, howwa basga gmaildan gir gierersin
Myhman Myhman
12 Mart 2023
Numa , regastrasya başga gemail ýazsam girerinmi
Myhman Myhman
12 Mart 2023
Göremok
Myhman Myhman
12 Mart 2023
Numa, ýok açyp göermok
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.