Gözlerimden uçdy gitdi gül keşbiň
Ony sensiz öten günler äkitdi
Wagtynda bermeli nuryny bermedi
Solup giden elwan güller äkitdi
Gujagymda boş geçen gijelem ötdi
Gör niçe gün ýaşdy niçe daň atdy
Ýalňyzlyk hasraty ýüregime ýetdi
Seni däli urýan siller äkitdi
İne seydip gözden uçdyň ýat bolup
Bagryma ýapyşdyň ýanar ot bolup
Göwnüm gally arzuwyňda ät bolup
Seni bi wagt öwsen ýeller äkitdi
Sen bolsañ bolmasaň göwnüm bir ýaly
Bary uçdy dargan gar sar ýaly
Ters akdyrýaň bolsaňda sen derýany
İndi derkaryň ýok bar zadyñ gitdi.