akmedowa dursun
10.03.2023 14:10
Kör söýgi
Birin söýüp ýaryljak bolsa gursak,
Kalp diñe şol diýip atygsap dursa.
"Seni söýýän" diýseñ ol ýüzün bursa,
Seniñ söýgiñ kör.

Bir guş kimin kapasada galarsyñ,
Onuñ keşbin sesin ýada salarsyñ.
Küýsäp,küýsäp göz ýaş döküp solarsyñ,
Seniñ söýgiñ kör.

Dillenersiñ: "Beýtme kalbymy dilýäñ,
Söýýän ahyr,muny özüñem bilýäñ".
Ol bolsa dillener äheñde gülýän,
"Seniñ söýgiñ kör".

Gowşar göwräñ,doñar beýni hem ýürek,
Häzir saña diñe,diñe şol gerek.
Ýalñyz söýseñ şeýle bary biderek.
Seniñ söýgiñ kör.

Söýüp-söýlüp ýaşañ ýürekden joşup,
Söýgi üçin kynçylyklardan aşyp,
Bolmasyn hiç-haçan eý, çyndan aşyk!
Seniñ söýgiñ kör.

Akmedowa Dursun







9
135
akmedowa dursun
11 Mart 2023
gulshatayewa97,"Söýgiñ kör"bu diýmegim sen-ä birini çyn ýürekden söýýäñ,ol bolsa seni söýmeýär,üstesine-de ol seniñ şol päkize duýgularyñ üstünden gülýär,ine edil şuñ özem kör söýgi bolýar.Goşgy şol barada.
gulshatayewa97
11 Mart 2023
O näme diýmek bolýa inni söýgiň kör 🙄
Myhman Myhman
10 Mart 2023
😘😘😘😘😍😍😍😍🥰🥰🥰🥰
nuryyewagulshat
10 Mart 2023
🥰🥰🥰🥰🥰
melek06
10 Mart 2023
Goşgy 👍🏻✨
Myhman Myhman
10 Mart 2023
Cook guzal cikmis🥰
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.