Adamlar “Dünýäniň iň gowy 10 minutlyk filmi” diýen ada eýe bolan gysga filme tomaşa etmek üçin kinoteatrda ýygnandylar. Film başlandy we uly ekranda jaýyň ak üçeginden başga zat görünmedi. Dördünji we bäşinji minutda hem birmeňzeş ýagdaýdy
Sekizinji minutda-da üçekden başga zat ýokdy, adamlar närazylyk bildirip başlady, käbirleri kinoteatrdan çykdy, käbirleri giden wagtyna ökündiler. Dokuzynjy minutda, ekranda keselligi sebäpli düşekde ýatan,ömür boýy ysmaz bolan bir oglan görkezildi.
Ekrandaky ýazgy: "Bu çagada şeýle ýagdaý ýene näçe ýyl dowam eder we siz muňa 8 minut hem çydamadyňyz ..."
Şükür etmek üçin şeýlebir köp zatlar bar welin...