Ylham geldi kalbym gapysyn
kakyp...
Ylham geldi kalbym gapysyn kakyp,
Bu gezek girmegne bermedim rugsat.
(Sebäp indi bes edipdim ýazmagy),
"Goýber girsin"diýip dillendi gursak.
Ylham diýdi:"Rugsat ber sen gireýin,
Melhem bolaýyn goý dertli kalba men.
Egiseýin ýürekdäki gamlaryñ,
Ýogsam dertden ýaña bolýañ telbe sen".
Diýdim men:"Ýok indi haýyş gelme hiç,
Git sen dertlerimi çekerin ýeke".
-"Sen maña git diýme bilýäñmi meni,
Allahym goýberdi kalbyña baka".
"Öñem syrdaşyñ hem dostuñdym-a men,
Beýdip birden menden geçseñ bolmaz-a"
Şo mahal gözümden paýrap gitdi ýaş,
-"Senden geçsem kalp näderin bilmez-ä".
"Ýalñyz dostum gel bileje galaly",
Diýdim ahyrynda saklanyp bilmän.
"Akanynda gözden sil deý göz ýaşym,
Gel köşeşdir ýogsam aglaryn diñmän".
Soñunda ylhamy kalbyma salyp,
Rahatlandym,rahatlandy göwünem.
Ah men ýazjak däldim emma bolmady,
Ýene gamly goşgy ýazdym bu günem.
Akmedowa Dursun