Zenan - bäş harp.
Dünýe ýaly çuň many.
Zenanlaň dünýäsi şeýle üýtgeşik.
Siz ýok - manysyz geçerdi bu pany,
Sizsiz - bu dünýä bolardy betgelşik.
Zenanlar ýylgyrsa, älem ýylgyrar,
Zenanlar ýylgyrsa - görk alar dünýä.
Siz bilen ýaşar iň beýik duýgular,
Sizsiz näme bolar, aýdyň kim bilýä?!
Zenan geçmişiňdir hem-de geljegiň,
Täze döwür.
Täze nesil.
Dowamat.
Zenan gözüň açyp ilki görjegiň,
Ýerde dörän gudrat.
Kerem-keramat.
Zenan mydam bolmalydyr - bagtyýar,
Çapdyrmaň hiç, göwnüňizde gam atyn!
Zenan mydam bolmalydyr - bagta ýar,
Gaçyrmalyň zenanlaryň gymmatyn!
Mähriban zenanlar, gelin-gyzlar.
Baýramyz gutly bolsun. Bahar paslynyň ajaýyp baýramynda , hemişe bahar gülleri ýaly owadan durmuşyňyz bolsun! Bolmalydyram, sebäbi siziň özüňizem bahar gülisiňiz!:)
Gutlamak bilen, Ylham GURBANALYÝEW.