abat
07.03.2023 19:25
Demirler asmanda ganatlap uçar...Magtymguly Pyragy

Pyragym bak, sözüñ öz ýerin tapýar,
Asmanda polatlar uça başlady.
Emma ynsanlaryñ ynsaby gopýar,
Köpler namysyndan geçe başlady...

Düýnjek ýary bilen bagtlydy Güller,
Ýigdi onuñ üçin sowurdy pullar,
Bu gün unudulyp şol geçen günler,
Güller özge ýigdi guça başlady.

Mergen bir çüýşäniñ açdy gapagyn,
Ýanyndakyñ sypap uzyn gulpagyn,
Dört çüýşä ýetensoñ zyñyp telpegin,
Bar aýbyny ile aça başlady.

Süýtden doly göwsün sorup enäniñ,
Soñundanüssüne üýrüp enäniñ,
Garrandygyn duýup bu perişdäniñ,
Perzentler assadan gaça başlady.

Ownaýar erkekler ýene bir rast söz,
Garynlar doýsa-da, açdyr gara göz.
Bir näzik zenana gelip ýürek döz,
Ýigitler boş anty içe başlady.

Kerim ýazar emma,däldiri şahyr,
Her ynsandan şahyr,çykanok ahyr...
Ele galam alyp,her ýeten jahyl,
Ýazdy,poezýamyz öçe başlady

Kerim Hally
11
147
towşanjyk
8 Mart 2023
gow gosgy eken haladym dowam ediber
👑Queen👑
7 Mart 2023
👍👍👍👍👍👍
tkm _aýdymçy _ýigit98
7 Mart 2023
abat, 👍😊
abat
7 Mart 2023
Hemmäňize minnetdar tkm _aýdymçy _ýigit98,nuryyewagulshat,lalahan,Imissyou,Güljagaz♡♡♡,melek_tkm_98,akmedowa dursun,
abat
7 Mart 2023
Myhman Myhman, salam gowmysyňyz
akmedowa dursun
7 Mart 2023
👍👍👍👍👏👏
melek_tkm_98
7 Mart 2023
👏🏼👏🏼👏🏼🤌🤌🤌 gaty gowy👍👍👍
Myhman Myhman
7 Mart 2023
Ajaýyp goşgy
Güljagaz♡♡♡
7 Mart 2023
👏👏👏👏👍👍👍🙋‍♀️
lalahan
7 Mart 2023
Like 👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.