CcRaZy Girls
07.03.2023 18:20
Il arasynda «Göz-öwülýä, söz-keramat» diýen ýörgünli aýtgy bar. Söz ynsan ruhuna täsir edýän keramatlaryň biri hasap edilýär. Sözüň gadyr-gymmaty, hümmeti ýa-da bijaý ýaňzydylan sözüň ynsan başyna getirip biljek apaty, ýetirip biljek zyýany hakda juda köp zatlar aýdylypdyr.

Aslynda, sözüň her kime edýän anyk täsirini bilmek, kesgitlemek üçin her kim öz durmuşyny göz öňüne getirip biler. Birje söz arkaly bir ýüregi şatlyk bilen dolduran wagtlarymyzam, sähel ýerine düşmedik birje söz zerarly, bir göwni ýykan wagtlarymyz hem bolandyr. Şonuň üçin ata-babalarymyz öz perzentleriniň dogry, ýagşy we süýji sözli bolmaklary üçin bu ugurdaky edep sapaklaryny turuwbaşdan çaga terbiýesine mäkäm ornaşdyrypdyrlar. Hoş sözleri, ýakymly jümleleri ýaňzytdygyça, ynsanyň işleriniň ugrugyp gidýändigini, göwnüniň giňeýändigini, özüniň ruhubelent bolýandygyny düşündiripdirler. Gödek sözli, gyňyr bakyşly adamlar bilen gatnaşmak meselesinde kynçylyk çekjekdigini pugta gulaklaryna guýupdyrlar. Ýaşlykdan diliňi ýagşy sözlere endik etdirseň, süýji sözlülik her bir adama abraý we hormat getirýär. Söz bilen ynsanyň göwnüni dikeltmek ýaly uly sogap ýokdur.
11
70
lalahan
7 Mart 2023
Gaty gowy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.