akmedowa dursun
07.03.2023 18:18
Gynanýan
Ýene oýa batdym dünýä hakynda,
Meger hijem saýhallanmaz pikirlem.
Ýamanlyk bar her bir ädim atymda,
Gynansamda ýene gamly setirlem.

Düşünemok bu nähili zamana,
Pul boldula hemme zatdanam üstün.
Hatda duşman boldy dogan-dogana,
Şony pikir etsem basylýar sustum.

Utanç-haýa ýokdur käbir gyzlarda,
Pikirleri ýeñil,özlerem şeýle.
Diñe boýag görner gaşdyr-gözlerde,
Haýran galýan näm üçin olar beýle.

Gynanýan köp ýigit gyz kalbyna däl,
Bakar şol ýasama gözelligine.
Bu gün söýse ertir gözi gyzda del,
Indi şeýle,galaram şollugyna.

Käbir çaga asla bilmez hormaty,
Sylamaz enesin hem-de atasyn.
Haçanda eginden düşse gurbaty,
Görkezer özüniñ ýaman häsýetin.

Adamkärçiligem barýarla ýitip,
Gynanýaryn bu dünýäniñ halyna.
Dostum diýeniñ arkañdan daş atyp,
Duşman çykyp oklar seni ýalyna.

Oýlap görsem bu owadan dünýäni,
Gorkunç edýän hut özümiz ekenik.
Şudur ýürek sözlerimiñ beýany,
Dowam etsem san-sajagy ýetenok.

Ýalan dünýä üçin agladym bu gün,
Bu ejiz ýürege agram salyp.
Hemem birazajyk göwünde düwün,
Galandyr hiç-haçan çözülmez bolup.

Akmedowa Dursun
8
65
CcRaZy Girls
7 Mart 2023
Gynanyan gynanyan
bolyan zatlara
edip biljek zadym yokdur
bu yazylan takdyrda
boyun bolyan sessizje bash egip
gynanyan ah gynanyan
bolyan zatlara
gownum nache yaraly bolsada
gynanyan sessizje ichim humledip....:))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.