ylham_gurbanaly
07.03.2023 12:06
Gülküli Kyssa

Gullukdan gelelim bäri ýalbar-ýakar edip, ahyry öýdäkleriň razylygyny gazandym. Az garaşdyrmadyk pagtamyzyň ýyllyk girdejisinden ýüzi durşuna ekeran bolup duran telefon alyndym. Alan badyma-da dostumyň ýanyna eňdim.
– Geçir nämäň bolsa… Şu, indiden beýläk sizden galsam…
Dost dost bolaýýar, tüweleme, kän zat geçirip, ugruny-ýoluny öwredip goýberdi. Bar-bar, menden bar, şeýle eli açyk dostly…
Dostumyň ýanyndan uçup gaýtdym... tä howlymyza çenli… Howlymyza giren badyma ejemiň: “Ozalam-a gönöndürönokdi bi…”- diýip başlan sözlerini eşiden dessime-de zemine gysyldym. Elimdäki telefonum-a ornuny kisämden tapdy, aýaklarymam ýerden. Uçuş tamamlanansoň köwüşlerimiň ökjesi ýanyny ýere berip, ýüzi soýulyp ugran beton işigimiziň aňry çetinde gondum. Şo badyma köwüşlerimi tekjede galdyryp, aýaklarymyň tozanyny-da kakmany ýadymdan çykaryp, göni öýe girip gitdim.
Ine, şondan soňam täze telefonum bilen baý gidişmek gidişendirin-ä. Hem gyzygyp, hem dostlarymdan galmajak boljak bolup... Gijesi-gündizi ýok. Ozal gündiziň güni bilen ýatyp ukusyndan açylyp bilmeýän oglany ýatyryp bilseň, ýatyr-da indi. Bir, maşgala bolup nahara oturylanda düşmese, (Ejem bilen kakamyň goý diýeni üçin olam) galan wagt-a, edil ýelimlenen ýaly elime. Hatda tokda - kuwwatlandyryjyda duran mahaly hem ýüzüm ýüzündedir. “Keşbiňe döneýin, “Janym!”” Eliň bolsa bilinde. Äý-ý… Ýasap bilipdirler-ow, tüweleme. Şu telefony, geçmişe girip Mejnuna berip bolaýs-a, şolam tukatlygyndan açylarmyka diýýän men-ä… Dogram-da, how!.. Eşred-ä bi, eşret… Ýok zat ýok eken-ä munda. Öňler bir hepde garaşyp görýän hindi kinolaryň-a ýöne görübermeli, geçirdip. Özem aýdymyny halaňokmy – sarat!.. Telewizordaky ýaly haçan gutararka indi bu diýip oturma. Oýunlarynyň dagy her hilisi bar. Häk, şu bir-birek bilen ýazyşylýan oýny diýsene, hasam… Aýlanaýyn-a… Gapyl ýaşapdyrys, how, gapyl ýaşapdyrys. Şunça wagta çenli bular ýaly zatlary bilmän. Äý-ý…
Onsoň “janymyň” täsiri esasynda ýuwaş-ýuwaşdan özüme üns berip başladym. Has dogrusy, ýuwaşjadan döwrebaplaşmagyň kül-külüne düşdüm.
Ömrümde etmedik zadymy edip, şähere gitdim. Näme üçindir öýdýäňiz? Saçymy aldyrmak üçin. Bolmasa, men ýaly gadyrbilmeziň dellek goňşuly dogulmak bagty ýek-tük kişä miýesser edýändir. Ýöne döwrebap boljak bolsaň, nätjek?.. Obadakydan bäş esse gymmadam bolsa… Barybam: “Eddil şuň ýaly etgin, agam”- diýip, telefonumdaky bir suraty görkezdim. Gulaklarymyň ýokarragyna çenli syrylan ýaly, depesem bogubermeli. Ýöne saçymy aldyrtmaga ömrümde birinji gezek üç manatdan üç esse böküp, on iki manat töläp görenim üçin goňşymy ýagşylykda ýatlanymam gizlemäýin. “Şäherde, şäherde” diýen bolýalar welin… Ýöne…
Bazara baryp, aşagy tyrryjak jinsi alyndym. Egnime-de endam jany hatdan doly ýeňsiz köýnek… Şolar bilen köçedeş bolan köwüşlerdenem birini aýagyma sokdum. Soňundanam bir aýna seretdim welin, özümi tanamasam näme. Siz hiç zat diýjegem bolup durmaň... şu eşikleri geýen badyma nähili özgerenimi özümem bilip durun.
Şäherden göwnüm bitip, öýe gaýtdym. Ýolda taksi tutjak bolup durkam bir owadanja gyz maňa seredip, ýylgyryp goýberdi. “Bul-a eýýäm ýüze çykyp başlad-ow” – diýdim. Bu ýagdaýdan hoşal boldum. Içimi hümletdim: “Şäherlidir. Obaly bolsa, beýle seretmezdi”
Öýe gelsem, ejemem meni tanamajak bolýar. Men bolsam eden işimden göwnüm ganyp duransoň döşümi gaýşartdym… “Eje, bu men” – diýdim. Görgüli, sesimden tanaýdy. Ýogsa ilde ýok zady edip sergezdan gezmeli bolardym. Ulagdan düşüp köçämize girenim bäri obadaşlarymyň maňa syrly seredişlerine-de ejemiň oglunyň täze keşbini görüp, agzy açyk durşuna doňup galandygyny görenimden soň düşünip galdym.
Ejem maňa seredip aňk-taňk bolup durşuna: “Mysalaň näme, ýerçeken-n-n… Nätdiräýipsiň… Nähili bolupsyň” diýdi.
Menem arkaýyn.
– Şähere gidip geldim.
Mundan öň eşik almaly bolanymda-da şähere ejemi ugradýardym. Bu sözden soň ejemiň hälki agzy açylşy dagy hiç zat bolup galaýdy.
– Näme?! Merez etdim. Şähere gitdim diýibem, şeýdip geläýmek bormy? Illeň ogullary ýaly akyllyja bolup gelseň bolmadymy, hä?
Ejemiň bolşuna düşünmedim.
– Näm bolupdyr-aý, eje?
– Merez bolupdyr. Bar, aýnaň öňüne bar-da, özüňe bir seredip gör. Näm bolanny göresiň gelse. Wah, belaň körügi özümden-le. Irden pul soranda iňkise-de gitdim-le, “Mundan öň pul soranokdy-la bi” diýip…
Şeýdip, bu täzeligim öýmüziň içerki syýasatyna kynlyk bilen ornaşdy. Näçe wagtlap gopguny ýatmady.
…Öñden belläp geçişim ýaly, özüme döwrebap gözi bilen garap geziberdim. Şol ýazyşylýan oýna-da girmegimi ýygjamlatdym. Bulam meniň şol oýundaky bir gyz bilen sözümiziň alyşmagyna getirdi. Dostlaşdyk. Gije “zordan” ýazyşyp oturşymyza, zordan sag bollaşýas. Irden turan badymyza-da ýene “Ertiriň haýyr-da, ertiriñ haýyr”. (Şu ýaşyna çenli hatda ene-atasyna hem diýmedik oglanyň bu sözi, gel-gel, bir nätanyş gyza her gün mähir siňdirip aýdyp durmagyna döwrebap göz bilen garasaň-a geň görüp oturasy işem ýok ekeni). Ilkibadalar-a kän bilmedigem welin, soň ýazan hatymyza wagty bilen jogap gelmese, gaýgy edip, işdäden kesilip… Baý-bow… Sen sorama!!! Döwrüň döwrebap Leýli-Mejnuny bolup galaýan bolsak näme?!.
Bir günem ýürek edip oýundaky Aýnajanymyň telefon belgisini soradym (Wiý, huşum gursun, men size ol gyzyň adynam aýtmandyryn-a). Eştýäňizmi?!. Şol wagt endamyma inen derden ýaňa eşiklerimi sykaýmaly bolup, barmaklarym sandyr-sandyr, zordan ýazdy şol sözleri. Alajyň näme?! Birden gygyryberse diýip, gürrüňi başga ýana sowmak üçin iki-üç sany anikdotam ýatlap goýdum, ätiýaç üçin… Bir görsemm… Asyl Aýnamyň özem soraryma mähetdel bolup oturan bolsa nätjek. Şo bada jaň etdim. Sesini dagyn diýsen-e… Diňläp oturşuňa agzyň açyk halynda ukladyp biljek. Şeýle bir mylaýym.
Ine, bir günem telefonuma jaň geldi. Görsem, Aýna. Şol bada aldym. “Kimiň jaňy eglenip alynsa-da, Aýna janyň jaňyny egläp bolmaz-a”. Salam-helikden soň “Aýdyp otur” diýsem, öýüne çagyrýan eken (Olar şäherde ýaşaýardylar). “Bolmaz-a ol”- diýsem, “Gorkma, öýde bir özüm galdym” – diýýär. “Bor”, diýenimi duýman galypdyryn… “Erkek bolmak üçin”. Turdy bir harasat (kellämde), turdy bir gopgun (ýüregimde). Çekinjeňligimdenmi, ilkinji gezekligindenmi, ýöremeg-ä aňyrda dursun, özümi ele alyp bilmesem näme.
Goram-gowşak bolan synalarym bilen zordan ylalaşyga gelip, ugradym mundan, Aýnalara tarap. (Aýaklarym düňk-düňk-düňk… Ýüregim gümp-gümp-gümp… Kelläm şyň-ň-ň-ň-ň-ň…).
Hatda elimiň barlygynam Aýnalaryň gapysyny kakamda bilip galdym. Dek ýaňy hem işiginde ýer depip ýören oglan, eýýäm bir gözeliň gapysynda sömeli:p dur… Bedenine ornan galpyldysy bilen birinji gezek aýlygyny almaga duran ýaş işgär ýaly. Ýöne şol wagtam aklymy çala-ja işletjek bolýan. “Senem indi uly oglan-a, how. Bolup durşuň nähil-aý?! Duşuşykda şular ýaly elem-tas bolup ýörsez-ä… öýleneňde nädersiň?! Özüňi ele al hany, bäh!!!”
Gapy çalarak açylyp, ine, bir owadan gelin, ýylgyryp duran ýüzüni görkezdi. Men ýalňyşan bolaýmaýyn diýip, ýarym açylan gapyň nomerine diňkämi dikdim. “Bäh, nomer-ä şol. Ýa gözlerim kem tapynyp ugraýdymyka?” Onýança-da ýaňky gelin meniň adymy aýdyp “Şolmy sen?” diýdi. “Bäh, bu nähili bold-aý”.
– Hawa. Mekan diýilýän-ä men bolmaly, gelneje! Ýöne bi… Aýna…
Ol gapyny doly açdy-da, elimden çekip içerilerne saldy:
– Sen şol Mekan diýilýäni bolsaň, Aýna diýilýänem men bolmaly, gelnejeň däl…
Men äm-säm bolup, iç işikde durşuma “Näme?!”- diýenimi duýman galypdyryn:
– Ol… bi… sen… häki…
– Hawa. Gel, içki jaýa geçeli, ilki. Onsoň men saňa baryny gürrüň bererin. Ýekän-ýekän... Bolýamy?!
Elim, aýagym, tutuş süňňüm özlerini ýitirip, aňymdan üzülip gidene döndi. Gulaklarymdaky şyňňyldynyň sesi “gataldyl-dy”…
– Wah, düşündirmesin-ä düşündirersiň welin, ýaman bir hili boldy büý-ä!
– Hiç hilem däl, Mekan jan! Arkaýyn bol. Hiç zatdan heder etmegin.
Eltilen otagymda hernäçe jaýlaşykly oturdym diýsem-de, ynjalygym bolmady. Bolmanda näme… Heniz gyzyň elinden tutup görmedik halyňa birden göz-gypyp, içiňe giräýjek gelin bilen bir otaga düşseň… Barmaklarymyň sandyraýanyny bildirmejek bolup, ellerimi birikdirdim-de, berk düwdüm.
– Diňläň. Oýun edýän bolsaňyz-a şindem wagty, göniňizden geliň. Bular ýaly zatda oýun edilýän däldir.
Ol elindäki her tüýsli ýelim çüýşejikli suwlary öňümde goýdy-da, ýylgyrjaklap, gabat garşymda oturdy. Göwni bir ýaly özem. Men bolsa, ogurlykda tutulan ýaly, gözlerimi aňsat-aňsat ýokary galdyryp bilemok. Ol bulgurlara suw guýup oturşyna şähdaçyklyk bilen jogap berdi:
– Mekan jan, oýun edemok. Men şol… Aýna men. Seň bilen internetde ýazyşan Aýnaň!
Gulaklarymyň şyňňyldysynyň arasyndan ýuwaşjadan eşdilen bu ses hakykatdanam meniň oýundaky ýazyşan gyzymyň sesine meňzäp gitdi. Men şeýdenime özüm hem haýran galyp, göni onuň ýüzüne seretdim.
– Bolýa. Aýna, hany, onda sen maňa "Men gyz" diýmediňmi? Hä? Onsoňam, hany, seň adamyň-zadyň ýokmy?
– Bar, işde bu wagt. Bolanda-da, gorkup oturma! Lellim bir zat ol. Özüm bilýän oň ýagdaýyny.
– Näme?.. Adamyň işde bolsa-da… Goňşulaň gören bolsa nätjek?..
– Oň jogaby aňsat-la… Primerka geldi diýäýmeli. – Ol guýup goýan bulgurlarynyň birini eline aldy-da, maňa uzatdy: – Me, al, meni beýdip soraga tutup oturma-da. Nähili oglan-a sen… Gullukdan gelene meňzeş däl-le bolşuň!..
“Baý-bow-w-w… Sataşaýdym öýdýän?!” Gulaklarymyň şyňňyldysy hasda artyp başlady. Nädibem bolsa, çaltrat çykmagyň pikirini etdim. Çünki ol-a äri lellim bolmak ekeni, hatda aýrlyşyp gelenem bolsa, bu ýagdaýy oňlajak däldim.
Edil şol mahalam Aýnalaryň daşky gapylary kakyldy. Nädersiň, iki bilen ikini barmak büküp goşýan beýnim ýygy-ýygydan çykan bu tyrkyldylaryň hasabyny çaltlyk bilen çykarsa. Gulaklarymyň şyňňyldysy ýetjek derejesine ýetip, gapylmagyň bäri ýanyna geldi. Eşiklerim bolsa sykyp seräýmeli. “Eý, Hudaý… Kimkä bi… Birden adamsy bolaýsa… Allajann… Indi näm bolarka…”. Aýnaň bolsa göwni bir ýaly: “Bir mint garaş, gelýän häzir (Onuň bu sözleri şyňňyldyň arasyndan çalaja eşidildi)”- diýdi-de, turup gitdi.
Bedenim lap-lap gyzyp, ýüregim ýeňsiz köýnegmi böwsüp çykaýarly göründi. Howsalamyñ buýrugy bilen şo demde gözlege çykan gözlerim açyk duran penjirä düşdi. Niredendir bir ýerdenem birinji gatda oturanlygym kelläme kürsäp girdi. Salymyny bermän, penjirä topuldym-da, ondan çykdym. Janhowluma näme edýänimi bilmän, ala hassyldy bolup oturşyma eýýam öz otagyma gelenimi hem duýman galypdyryn.
Şodur-da-şodur, telefonymy ellesem nädersiň… “Döwrebaplygam gursun…”

2017. Oktýabr


Çeşme: Islenen.ru
W.P agza tarapyndan
13
409
Myhman Myhman
9 Mart 2023
Name icon basga gyzykly wakalar goylanok indi,goyayynda garasyasa
Myhman Myhman
8 Mart 2023
Baybuuu nähili boldaii
Myhman Myhman
8 Mart 2023
Sony garasylmadyk yagday
floret
7 Mart 2023
Azgynçylyk gepiñ gysgasy
ylham_gurbanaly
7 Mart 2023
olia, häzirkiler tersi🤦‍♂️😁
olia
7 Mart 2023
Internet gormedik turkmen agada😂
CcRaZy Girls
7 Mart 2023
🙄🙄🙄🙄🙄🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.