abat
06.03.2023 20:30


Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,

Seniň nanyň iýen günlemdir Jennet.

Indi iýjek bolup bir döwüm çörek,

Ondan öň iýýärin müň döwüm minnet.

*****

Kaka uly bolmak aňsat däl eken,

Durmuşyň agramy asylýar çepden.

Hemme zada çydan gaýduwsyz göwnüm,

Dik başyny egip basylýar gepden.

*****

Kaka, uly bolmak aňsat däl eken,

Wepasyz dostlardan dolupdyr daşym.

Şolaryň öňünde aşak egilýär,

Zalym duşmanlara egmedik başym.

*****

Ýaglygyn syranda düşüpdir didäm,

Käbämiň saçlaram bu gün çal eken.

Uly oýa batyp ötüpdir gijäm,

Kaka uly bolmak aňsat däl eken.

*****

Ulalmak çyndanam kyn eken kaka,

Dostlam bilen oýnamagy söýerdim.

Durmuş şo-ol çagalyk oýnum bolsady,

Ýadan wagtym “oýnajak däl! diýerdim

Kerim Hally
20
179
Myhman Myhman
15 Mart 2023
Gaty manyly gosgy galamyn ujy yiti bolsun sahyrym
Myhman Myhman
12 Mart 2023
Dogry gowy goşgy👍👍👍
Myhman Myhman
7 Mart 2023
Goşga soz yok
gulshatayewa97
6 Mart 2023
Menem paýlaşypdym. Merdan Gulçarow aýdym edip aýdýa
Myhman Myhman
6 Mart 2023
Abat??
Güljagaz♡♡♡
6 Mart 2023
Söz ýok👏👏👏👏👏👏👍👍👍👍🙋‍♀️
tkm _aýdymçy _ýigit98
6 Mart 2023
Malades gowy ýazypdyr Kerim Hallyň👏👏👏👏👍👍👍👍🙋🙋🙋🙋👏👏👏👏
nuryyewagulshat
6 Mart 2023
👍👍👍👍👍👍
abat
6 Mart 2023
lalahan, gowmy 🙋
lalahan
6 Mart 2023
Like 👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.