akmedowa dursun
06.03.2023 16:34
Kalby päk ejem jan men seni söýýän,
Ah saña döneýin mähriban käbäm.
Ynjasam dertlerim ýürekden duýýañ,
Men ýanyñda çagadyryn entegem.

Ýyllar mañlaýyña salmasyn gasyn,
Nur dökülýän ýüzüñ ýylgyryp dursun.
Eger wagt garratsa geçmesin basym,
Saña geljek bela goý maña ursun.

Aýaklaryñ aşagynda jennetim,
Hak ýaradan uzyn etsin ömrüñi.
Asla ölçäp bolmaz seniñ gymmatyñ,
Ündewleñ saýgartdy ýalñyş dogryny.

Diñe sen mynasyp hakyky söýgä,
Açyk-aýdyñ göz ýetirdim men muña.
Ýanymda sen mydama çümsem gaýga,
Ynanamok ýalançy dostlaryma.

Sen hakyñda ýazdym ýazaryn ýene,
Pikir etsem sensiz ýaşaýyş agyr.
Meni şu günlere ýetiren ene,
Kalpdaky sözlerden döretdim şygyr.

Akmedowa Dursun
15
138
Myhman Myhman
12 Mart 2023
Gowy goşgy manyly sözler ejeler barada
Madmazella
7 Mart 2023
Tüweleme üstünlük 👍
Myhman Myhman
7 Mart 2023
Gaty govy goshgy soz yok
gultaze
6 Mart 2023
👍👍👍👍👍 ejeler uçin like naçe goýsanam az bolar
tkm _aýdymçy _ýigit98
6 Mart 2023
akmedowa dursun,sag bol sps köp köp paýlaşanňa göwnümize ýarady
akmedowa dursun
6 Mart 2023
Agzalar hemmäñize köp sag boluñ!Eger goşgy ýüregiñize baran bolsa meniñ bir iş bitirip bilendigim bolýar.
abat
6 Mart 2023
Gowy bolupdyr käbelermiziň waspyny bir goşguda beýan edip gutaryp bolmaz .berekella üstünlik 👏
Myhman Myhman
6 Mart 2023
Diñe sen mynasyp hakyky söýgä
Perishdejik
6 Mart 2023
Saña geljek bela goý maña ursyn...❤️
melek_tkm_98
6 Mart 2023
🥰🥰🥰🥰😍😍😍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.