olia
06.03.2023 14:02
Dünýäde iň baý adam kim? Hemmeler Elon Musk diýer. Ýöne eger-de adamzat taryhynda iň baý adam kim diýsem näme diýersiňiz? Ýok bu Elon Musk däl.

Celebrity Net Worthyň hünärmenleri ähli döwürleriň iň baý adamlarynyň baýlygyny 2012-nji ýylyň şertlerine görä hasaplanlarynda adamzat taryhynda iň baý adamyň ýagny, Malinyň 10-nji Mansasy Musa I öz döwründe baýlygynyň 400 milliard ABŞ dollaryna ýetendigini anykladylar. 2012-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda neşir edilen dünýä taryhynda iň baý 25 adamlaryň sanawynda Mansa Musa hatda Ýewropaly Rotşildlaryň dinastiýasyny, amerikaly telekeçi Rokfelleri hem geçip 1-nji orny eýeledi.

Eýsem Mansa Musa kim?? Bu adamy tanamaýandygyňyz geň däl. Sebäbi ol mundan 700 ýyl öň ýaşap geçipdir we onuň şahsyýeti hakyndaky maglumatlaryň köpüsi rowaýatlara siňip, biziň günlerimize ýetip gelipdir. Mansa Musa Mali imperiýasynyň imperatory bolupdyr (Mansa diýmek Maliniň döwlet dolandyryjysyň derejesi). Mali Respublikasy häzirki döwürde Afrikanyň iň garyp ýurtlarynyň biri, emma XIII-XIV asyrlarda Mali imperiýasy dünýädäki iň baý döwletleriň biri bolupdyr. Ady agzalan Mansa Musanyň döwri imperiýanyň iň gülläp ösen döwri hasaplanylýar.

Musa Tombuktu şäherini ýurduň paýtagty edipdir. Häzirki döwürde bu ortaça ulylykdaky şäherdigine garamazdan, şol döwürlerde transsahara söwda ýollarynyň merkezi bolupdyr. Altynyň we duzuň bütindünýä gorlarynyň deň ýary Malide ýerleşipdir, şeýlelikde, imperiýa altyny we duzy gazyp almakda dünýäde ilkinji orny eýeläpdir, bu bolsa elbetde, döwletiň ösmegine uly goşant goşupdyr.

Mansa Musanyň Haja gitmegi.
Musa Yslam dinine uýupdyr. Rowaýatlara görä, ol her hepdäniň Juma güni täze metjidiň gurluşygyny başladypdyr. Onuň gurduran metjitleriniň iň meşhury - Tambuktudaky Džingereber metjidi biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Şeýle-de Mansanyň adyny bütin dünýä ýaýradan, hatda ony Ýewropa ýurtlarynda-da meşhur eden wakalar 1324-nji ýylda Haja gitmegi bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi Musa Haja zyýarat etmäge gidende ýany bilen käbir maglumatlara görä 60-80 müň adam we 13 müň tonna golaý altyn alyp gidipdir. Ýörişiň öňünden ellerinde sap altyndan guýlan hasaly 500 sany gul ýöräpdir. Musa özüniň giň göwünliligini görkezmek üçin her gün olaryň birini azat edipdir we altyn hasasyny sowgat beripdir. Imperator üstünden geçen ýurtlarynyň hökümdarlaryna we emeldarlaryna-da eçilip bildiginden sowgatlar beripdir. Öňünden çykan dilegçileri şol wagtyň özünde baý adamlara öwrüpdir, söwdagärleriň iň köne harytlaryny-da üç esse bahasyna satyn alypdyr.

Şol döwrüň taryhçylary Musa barada şeýle belläpdirler: "Bu adam sahylygyny tutuş Kaýire görkezdi. Bütin Soltanlykda ondan altyn sowgat almadyk ýekeje-de köşk işgäri ýa-da başga wezipeli adam galmady. Özüni nähili gowy görkezdi, nähili mertebe, nähili sadalyk!"

Mansa Musa 1325-nji ýylda Mekgeden yzyna gaýdyp geldi. Patyşanyň zyýaraty Maliniň gündogar goňşulary bilen syýasy we ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrdy, bu bolsa arap söwdagärleriniň we akyldarlarynyň ýurda gelmegine itergi boldy. Sebitde altynyň bollygy sebäpli, onuň bahasy ep-esli pese gaçdy we bu ýagdaý Mansa Musanyň bütin Ortaýer deňzinde altynyň bahasyny kesgitlemek monopoliýasyna eýe bolmagy bilen tamamlandy.

1375-nji ýylda bu ýatda galyjy syýahat Katalon Atlasy ýaly meşhur taryhy resminamada şekillendirildi: Mansa Musanyň özi kartada altyn tagtda, altyn täçli oturany görkezilipdir.

19
524
molaficenta💐💐💐
29 Mart 2023
Beybaaa bilemokdym
Myhman Myhman
9 Mart 2023
Näme üçin kartada suraty goýlupdyr?sebäbi bamyka
ylham_gurbanaly
7 Mart 2023
Bir tokgasyny berse žilet alyp bererdimdäã😆
olia
7 Mart 2023
garajaoglan,sho hakdaky kinodan bolmaly
gulshatayewa97
6 Mart 2023
Öňki döwüre seretsen baý adamlar kän bolandyrla
tolkun
6 Mart 2023
Her döwür bir döwür diýleni-dä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.