akmedowa dursun
05.03.2023 12:42
Söýgi
Baş egýän öñünde beýik söýginiñ,
Duýgularyñ şasy hem şoldur meger.
Bu owadan dünýä has gözelleşýär,
Ynsan ýürek bilen söýäýse eger.

Söýgi kalpda ýakar öçmejek ody,
Hiç haçan bolmaýar söýginiñ soñy.
Bu duýgy köplere ýetdirip durmaz,
Eger söýgä ýetseñ goragyn ony.

Söýgi şeýle bir päk,şeýle sadadyr,
Onuñ sadalygna ýetirmäñ zeper.
Eger zeper ýetäýse söýgi däl ol,
Hemde birin söýseñ her gün her sapar.

Söýgidir ol kalbyñdaky ynsany,
Ýitirmekden gorkanyñda haçanda.
Ykbal paşman ömürlik aýra düşseñ,
Dideden syrygyp göz ýaş gaçanda.

Söýgä eýe bolmak ullakan bagtdyr,
Söýmek-kalbyñ päkliginiñ nyşany.
Söýgi ýetmek üçin söýen ýaryna,
Unutmagyn göreşdirer ynsany.

Söýgi bu hormatdyr birek-birege,
Utanjy-haýasy ýigidiñ-gyzyñ.
Hem söýen ýaryñy gören mahalyñ,
Diýjegiñi bilmän ýitirseñ özüñ.

Ine söýgi şeýle zatdyr aslynda,
Güýmenje däldir ol bir-iki günlük.
Ol wagtlaýynça bir oýun däldir,
Söýgi kalpda ýaşar,ýaşar ömürlik.

Akmedowa Dursun
12
182
akmedowa dursun
7 Mart 2023
Imissyou,Men size ynanýanla täzeden göz aýlamak gerek däl,men basandyryn bilmän ony!Ýalñyşanym üçin bagyşlañ!
akmedowa dursun
7 Mart 2023
Bolýa,bolýa.Men size söýginiñ ýokary derjede päkize,mukaddesligini düşündirip bilmedim öýdýän.Siziñ pikiriñiz sizde,meniñ pikirim mende galaýsyn. "Samsyklygam bolsa ýylgyrdýa" diýen postuñyza "👎"basan bolsam bagyşlañ bilmän basandyryn.Men entek öwrenmeliniñ täze agzasy programma o diýen düşünemokda.
ideallider
7 Mart 2023
akmedowa dursun, ýok siz meniň "SAMSYKLYGAM BOLSA ÝYLGYRDÝA 33" diýen postuma "👎" goýupsuňyz. Şuň sebäbini soradym. Onsaňam ol "Söýgi" temaňyzda ähli ýagdaý üýtgäp biler, diňe söýgidedäl hemmezatda hemmezat üýtgäp biler. Karkarany tanaýadyňyzmy!? Meň aýdanlarym belki bu şahsa, ýa gaçyşyp durmuşgurýan ýaşlara degişlidir, aýdýalara alyp-gaçypdyr ýa gaçypgelipdir diýilip. Belki meniň ýazanym bularadegişlidir!?
akmedowa dursun
7 Mart 2023
Imissyou,Häzir menem görüp çykdym 5.03.2023 çislodaky postuñyzy,diskle ýok eken,men siziñ postlarñyzy gaty halaýan,diýseñ halaýan,meniñ öwrenmeliniñ agzasy bolanyma ýañy bir hepde bolup geçdi men entek o diýen öwrenmelä düşünemok.Diskle basan bolsamam bilmän basandyryn,ýalñyşym üçin bagyşlañ!Şeýle bir gyzykly,manyly postlar goýýañyz👍👍👍.Men siziñ postlaryñyzy gyzyklanyp okaýan we täze postlaryñyzada sabyrsyzlyk bilen garaşýan.Mundan beýlägem size diñe üstünlik!
akmedowa dursun
7 Mart 2023
ideallider,Söýgi temasy hakda ýazanyñyzy aýdýan,söýginiñ bar ýerinde aýyp-utanç ýok diýipsiñiz bu aýdýanyñyz gaýta tersine,söýginiñ özi bu utanç-haýa,ýagny söýgi adamda dörände şol adamda utanç-haýa,ahlak terbiýesi öz-özünden emele gelýär.Galan postlarñyzy haladym gaty gowy👍
ideallider
7 Mart 2023
Ýöne "Edenlerim bilinýändäldir" diýip haýdapýören bolmasa😄
ideallider
7 Mart 2023
Imissyou, netije çykarmakdan howlukmaly😌
ideallider
7 Mart 2023
Imissyou, sebäbi bardyr, bilip bolsa👍
ideallider
7 Mart 2023
akmedowa dursun, meniň soňky postumyň nämesi erbet!? Düşündirseň ýerlikli bolsa düzederin!?
akmedowa dursun
6 Mart 2023
Salam ideallider,
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.