Dusia
05.03.2023 11:57
Ýandak, Jantak ýa-da latynça «Alhagi» («Haj») sözi arapçadan terjime edilende haj parzyny amal edýän adam diýen many berýär. Ir döwürler musulmanlar haj parzyny amal etmek üçin çöl üstünden düýeli ýa-da pyýada ençe wagt ýol aşmaly bolupdyr. Şonda ýandak mala iým, adamlara odun, keselläne derman bolupdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti, TYA-nyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde dünýäde ýandagyň 10, Türkmenistanda 4 görnüşiniň ösýänligi agzalýar.

Pars ýandagy iýundan sentýabra çenli gülleýär we tohumlaýar. Ol diňe bir Garaguma däl, eýsem daglyk ýerlere-de, jülgelere-de ýaýrandyr.

Pars ýandagynyň aýratynlygy -- ol süýjümtik suwuklyk çykarýar,olam yssy howada gaty düwürlere dönýär, olara keramatly ýazgylarda «manna» diýýärler. Ýandagyň beýleki görnüşlerinde bu ýagdaý gabat gelmeýär.

Süýji manna datly tagam bolupdyr, ýandak çaýy aşgazan-içege ýollarynyň bozulmasynyň öňüni alypdyr. Onuň peti ýaralary we dürli deri kesellerini bejermekde ulanylypdyr.

Pars we adaty ýandagyň dermanlyk häsiýetini öwrenen häzirki zaman barlaglary iki ösümligiňem ýerüsti böleginde strepkokklara, stafilokokklara, içgeçme döredijlere garşy bakterisid häsiýetli, şeýle hem ýara bejeriji maddalaryň bardygyny görkezdi.

Türkmenistanda «GENÇ» söwda belgili ary baly meşhurdyr. Daşoguz wealaýatynda Garagum sährasy bilen Üstýurt düzlüginiň çatrygynda ýerleşýän kompaniýa bal tutmak we ony ýerlemek bilen meşgullanýar.

Ary balynyň 11 görnüşiniň arasynda ýandak baly iň gowusy hasaplanylýar. Ýandak baly agyz boşlugynyň sowuklamasynda, gastritde we aşgazan ýarasy dertlerinde peýdalydyr.

Adamzat ilkinji dörän günlerinden başlap, tebigatdaky taýýar önümleri almagy başarypdyrlar. Ösümlik dünýäsi ilkinji «Tebigy dermanhana» bolanlygy üçin biziň ata-babalarymyz olardan melhemlik tapypdyrlar. Gyrymsy agaçlaryň, otlaryň tebigy işläp çykarýan dürli peýdaly maddalaryny ulanyp janlaryna melhem tapypdyrlar. Şol melhemlik ösümlikleriň biri hökmünde hem ýandak ösümligidir.

Bu ösümligiň köki 20-30 metr çuňluga çenli kök urup, islendik çuňlukda özüne gerekli suwy tapyp bilýän ösümlik hasaplanýar. Öňki döwürlerde bu ösümligiň ýokarsyny kesip gawun ýa-da garyz tohumlaryny içine sapyp olardan hasyl alypdyr. Ýandak ösümligi köp ýyllyk ösümlik bolup ol örän ýylylyga çydamly ösümlikleriň biri hasaplanýar. Ýandagyň köp dermanlyk aýratynlyklary bolup, onuň gyzyl gülgüne güllerini guradyp dürli görnüşde dermanlyk çaýlary taýýarlanylýar. Ýandagyň gülünden demleme çaý adamyň aşgazan asty mäzleriniň işleýşine, böwrek kesellerinde, iç geçme, içki organlaryň sowuklamalaryna, on iki barmak içegelerinde döreýän sowuklamalara örän peýdaly hasaplanylýar. Ýandagyň dermanlyk üçin diňe bir gülleri ullanylman, eýsem onuň kökleri we ýapraklary hem ullanypdyr.

Onuň kökünde «C» witamini, taninler, alkaloidler we kumarinler bar bolup, ynsan saglygy üçin örän peýdaly hasaplanýar. Şeýle hem onuň ýapraklarynda kislotalar, rezin, efir ýaglary, kateşinler, we flawondinler bar. Ýandak dermanlyk ösümligini gadymy döwürlerde we häzirki döwürde halk lukmançylygynda has-da giňden ulanyp adamyň içki organlarynda döreýän kesellerde giňden ulanýarlar.
18
76
Dusia
5 Mart 2023
sungatyñ aşygy..., Ýok!
sungatyñ aşygy...
5 Mart 2023
Dusia siz lukmanmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.