Gadym zamanlarda Hytaýda Lili atly bir gyz durmuşa çykyp, adamsy we gaýynenesi bilen bile ýaşap başlapdyr. Emma belli bir wagtdan soň Lili gaýynenesi bilen oňşup ýaşamagyň kynlaşýandygyna göz ýetiripdir. Sebäbi olaryň ikisiniň häsiýetem, gepem deň gelmeýär eken. Şeýdibem, öýde uly goh turýar eken. Il arasynda-da gelin gaýynenesi bilen oňuşmasa kän halanyp barylmaýar eken. Şonuň üçin goňşy-golamyň ýazgaryjy garaýyşlary hem Lilini halys bezdirýär eken.
Aradan birnäçe aý geçse-de, goh-galmagal ýatmandyr. Soňabaka Liliniň adamsy hem bu ýagdaýdan baş alyp çykyp bilmejegini boýun alypdyr. Ol iki oduň arasynda galyp, öz etini özi iýipdir. Onsoň, Lili munuň bir alajyny etmeli diýen pikir bilen kakasynyň melhem otlardan derman ýasap satýan köne tanşynyň ýanyna baryp, oňa hemme zady jikme-jik gürrüp beripdir. Onsoň goja oňa ot-çöplerden derman taýýarlap beripdirdir hem-de şony üç aýlap her gün az-azdan gaýynenesiniň naharyna damdyrmalydygyny aýdypdyr. Şeýtse derman az-azdan täsir edip, iň soňunda gelniň gaýynenesini zäherläp öldürendigi bilinjek dälmiş. Şeýle hem goja oňa hiç kim şübhelenmez ýaly üç aýlap gaýynenesine gowy seretmegi, onuň bir diýenini iki gaýtalatmazlygy tabşyrypdyr.
Gelin begenjinden guş bolup uçupdyr. Öýüne baryp, gojanyň aýdyşy ýaly gaýynenesiniň naharyna dermany az-azdan damdyryberipdir. Hiç kim şübhelenäýmesin diýibem gaýynenesiniň bir diýenini iki gaýtalatmandyr. Onuň bilen özüni mylakatly alyp barypdyr. Belli bir wagtdan soň gaýynenesi hem üýtgäp, ony edil gyzy ýaly gowy görüp başlapdyr. Şeýlelikde maşgalanyň agzybirligini günsaýyn berkäpdir.
Soňabaka gelin eden işine ökünip, aňyrsyna çykyp bilmändir. Şeýtana uýup eden ýaman işiniň agyr labyry günsaýyn onuň egninden basýarmyş. Gelin ahyrsoňy çydaman ýaňky gojanyň ýanyna barypdyr. Ondan gaýynenesine içiren zäherini onuň ganyndan arassalar ýaly ýene bir derman ýasap bermegini sorapdyr. Ol indi gaýynenesiniň ölmegini islemeýändigini aýdypdyr.
Goja Liliniň ahmyrdan bulduraýan gözlerine seredip, çyny bilen gülüpdir. Soňra bolsa oňa şeýle diýipdir:
– Gyzym! Men saňa zäher däl-de, witamin berdim. Sen gaýyneneňe witamin içirip, bedenini kuwwatlandyrdyň, ine bar bolany şol. Emma hakyky zäher welin seniň beýniňde ýerleşýärdi. Sen gaýyneneňe hoş sözüňi gysganmadyň. Şonuň üçin hem beýniňdäki zäher eräp, ýerine söýgi emele geldi. Şeýdip siz eneli-gyz ýaly bolduňyz. Nakyllarymyzyň birinde şeýle diýilýär: «Gül beren elde gülüň ysy galar». Söýülýän adam kalbyndaky söýgüsini ile paýlaýan adamdyr, gyzym!