Uzak ýaşa , bolsun ömrüň hem uzak.
Biz diýip çekdiň ençeme azap,
Ýagşy işiň sanasam ýalňyşýar hasap
Bagtymyz sen şatlygymyz sen kakajan
Kemsiz bolmagymyz üçin gabardy eliň,
Bize edep öwredip agardy saçyň
Hiç hem unutmadyň atalyk borjyň
Biziň üçin sag bolgun sen Kakajan
Biz üçin ötýär ömrüňiz zähmetli işde
Güniňiz geçip dur öýüňizden daşda,
Azaplarňyz bilýäs,bilenimiz hiçle
Zähmetiňize hormatym köp kakajan
Köp ýaňlyşdyk geçdiň günlerimiz
Ýadymda käýeseň eden gaharymyz
Näme diýseňiz hem bardyr hakyňyz,
Emma dik bolsun belent başyňyz
Sebäbi halaldyr beren aşyňyz ,
sen öwretdiň halallygy Kakajan
Hiçem hem höwes etmedik iliň kakasyna,
Diýmedik "bolsady şeýle kakamyz"
Kakajan, minnetdar hemme-hemmesine,
Gadyrlarys çeken agyr zähmetiňiz.
Gazananyma guwandyň,ýürekden joşup,
Gynansam gynandyň,dişiňi gysyp.
Bilýän arzuwlaryma ýetäýsem nesip,
Hemmeden köp guwanarsyň kakajan
Baş arzuwyň - bizi bilimli etmek,
Ejem bilen niýetleň deň gelýär diýmek.
Käte durmuş synagyndan gyýylsa ýürek,
Seň sözleriň maňa güýçdir Kakajan
Ejem hem sen ýaly maşgalaň başy,
Maňa gep gelse degýär oňa-da daşy,
Eger-de akaýsa gözünden ýaşy,
Gora sen,sebäp ol ömrüň ýoldaşy
Käte diýesim gelýär "Baryňyza şükür"
Diňeje biz diýip çekýäňiz jebir,
Perzentlerňiz bagty-siziň barlygyňyz,
Arkamyzyň dagy,ata-enemiz