Ependiniň bir gara towgy bar eken . Bir gün ony bazara satmana getiripdir . Onyň ýanyna bir hyrydar gelip :
- Şu towuk ak bolan bolsady onda men satyn alardym - diýipdir onda Ependi:
- Sen Ertir şu ýere gel . Saňa bir ak towuk getireýin - diýipdir . Ol adam hem "bolýar" diýip , ylalaşyp öz ugruna gidipdir . Ependi towgy öýe getiripdir . Soňra eline tokga sabyn alyp , suwy ýyladyp ol towgy ýuwmaga başlapdyr .
Emma näçe ýuwsa-da sähelçe-de agarmandyr görýän welin , bu towgy reňklän adam reňkini gysganmadyk bolarly . Ol hakyny halallap işleýän adam eken -diýipdir
Ependiniň degişmelerinden