ylham_gurbanaly
01.03.2023 22:53
Diýmäň asla: -"Ýalňyzlygňy ýeňmeli...",
Aýby ýog-a ýeke-ýalňyz gezmäňem!
Ýaralarym päk söýgüniň tegmili,
Gynanç bilen duýgularmy ezmäňem!

Diýmäň asla: -"Ýanypdyr bu neresse...",
Ýazgarsaňyz, ýazgaryň men biweji!
Bir ummanyň jümmüşinde ýer etseň,
Duýup bilmez akwarýumyň leňňeji.

Köp iýilen zatdan doýsa-da mäde,
Tagam duýulanok göreniň bilen.
Bir tarap çyn bilen söýse-de, käte,
Söýdürip bilmersiň söýeniň bilen.

Mekgä yssy gerek, şala-da çyglyk
Maňa bolsa "Ýeketägiň" söýgüsi.
Gelsin şonuň bilen kalbyma giňlik,
Gelsin şonuň bilen dünýäň gaýgysy.


Ylham GURBANALYÝEW
28.02
10
106
Madmazella
1 Mart 2023
Köp ýeke gezseňem öwrenşip gitýäň onsoň hiçkimem gerekdäl saňa
Meryemushkaaa
1 Mart 2023
Molodes 👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.