Bugün doglan günüň gutlaýan eje
Ýaşyňa bir ýaş goşuldy ýene
Ömrüň uzak bolsun janyňam sagat
Güler ýüzüň solmasyn seň hiç wagt
Ilkinji gülkimde äden ädimimde
Ýanymda duran sen, şaýat bolan sen
Ýaňy dilim çykyp eje diýemde,
Gyzym diýip göwnim alanym ejem.
Hemmämizi bir wagtda edýäň alada
Hiç birimiz bolup bilemzok sençe,
Köp oýlanyp göz ýetirdim bir zada.
Sen bizi özüňden köp söýýäň eje.
Kesel bolsak mydam gaýgymyz edip,
Gijelerem başymyzda oturýaň .
Eger sen kesel bolaýsaň perzendiň bolup,
Halyň soramasak hem gutulýaň.
Öňküje aýakgap,köneje köýnek.
Şaý sep ulanaňok,ýüzüksiz barmak
Gözel bolmak üçin synanşmaýaň hem,
Allam beripdir saňa asyl gözellik.
Öňküje aýakgap diýýärin ýöne,
Jennet şol aýaklaryň astynda.
Şol ýüzüksiz biraz gabaran ele,
Bir ömürboýy karzdar men aslynda.
Dogulmakam siziň perzendiňiz bolmak
meniň saýlawyň däl,Allaň isläni
Eger mümkin bolsady gaýta dogulmak
Ýene siz bilen bolardym oýlanmany.
Her dogamda dileg edýän Allamdan.
Ene atamyň ömrüni uzak etgin.
Olar bize gowy durmuş berjek diýip
Agyr zähmet bilen geçirýärler gün
Gyzyňdan bu goşgy saňa sowgatdyr.
Häzirlikçe başaranym goşgy ýazmakdyr.
Geljekde nesip edip kespli bolamda
Niýetim bar-Ata enemi Hajy etmekdir.
Ejejan gutlaýan seni ýene bir gezek,
Gülüp gez hemmeden köp ýaşa uzak.
Meň pikirimçe sen dünýä ineňde
Ýerde bir perişde köpeldi gerek