[Photo: 0fOuY000G2lxXo7B6ivi2v63fe37a91ai]
Güýz şalygynyň şasy hakda sözlense,
Sözlense poeziýaň arslany hakda.
Zemin içre täsin gudrat gözlense,
Bahasyz jümleleň sarpasyn saklap,
Setirleňden alan ylhamym haklap,
Saňa meniň gözlerimden gitme ýok,
Saňa meniň sözlerimden gitme ýok.
Mülkaman Jumaniyazow
Türkmen şygyrýetin arşa galdyran,
Dagdan beýik ussat hakda sözlense.
Türkmeniň köňlünden köşgün galdyran,
Deňsiz-taýsyz şeýle şygyr gözlense.
Saňa meniň gözlerimden gitme ýok,
Saňa meniň sözlerimden gitme ýok.
Dawutmuhammet
Muhammedow
Eý ýazyň dumany,güýzüň şemaly,
Kalby ezizleýär seniň sözleriň!
Eýsem senmi?!Senmi yşkyň jemaly?
Per galama ylham berýär gözleriň,
Unudylmak jebrin saňa dözmerin!
Saňa meniň gözlerimden gitme ýok,
Saňa meniň sözlerimden gitme ýok.
Emine Mejidowa
Güýze aşyk şahyr adyny goýan.
Sada bolýar kyssa, goşgy şanyña,
Ýaş ömri ýaprak deý zemine siñen.
Zemin dãl siñdi ol türkmen kalbyna.
Başym egýän ussat, beýik şahyra.
Saña meniñ gözlerimden gitme ýok
Saña meniñ sözlerimden gitme ýok.
Jemşit Hajymämmedow
Poezýanyñ giñ ummanyn kürekläp
Agyr geçen ýollar hakda sözlense
Güýzde gykuwlaşyp geçen durnalañ
Ýaz gelip dolanjak ýoly gözlense
Saña meniñ gözlerimden gitme ýok
Saña meniñ sözlerimden gitme ýok.
Ahmet Gurbanmämmedow
Baharda dogulup güýzi söýen sen,
Söz älemniñ gymmatyny duýan sen,
Setirleñde uly many goýan sen,
Gurbannazar şahyr adyn alan sen,
Waspyñy deñedim bu gün daglara,
Saña meniň gözlerimden gitme ýok ,
Saña meniň sözlerimden gitme ýok.
Sewinç Muratgeldiýewa
Sen ylham alawy,menem bir uçgun,
Setirlere saldyň ýaz-güýzüň yşgyn,
Şygyrlaň bezäp dur köňülleň köşgün,
Bu gün doglan günüň ýürekden joşdum.
Saña meniň gözlerimden gitme ýok ,
Saña meniň sözlerimden gitme ýok.
Begenç Baýramow
Bu gün ussadym dey ynsan gözlense,
Emen ak süydüniñ hümmetin haklap,
Onuñ mertlik,mertebesi sözlense,
Mertebe yolunda ynamyn saklap,
Saña meniň gözlerimden gitme ýok ,
Saña meniň sözlerimden gitme ýok.
Çynar Nasyrowa
Sen bize bahasyz serpaýyñ ýapdyñ,
Şalaryñ elinden gelmejek serpaý
Her bir köñlüñ owazly kirşin tapdyñ,
Hemme aldy ondan özüne deñ paý.
Sözlär bolsa gursak sen hakda ussat
Sana meniñ gözlerimden gitme ýok,
Saña meniñ sözlerimden gitme ýok.
Hajymyrat Goşaýew